Ýurdumyzda ulag ulgamyna uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda eziz halkymyzyň her bir güni taryhy wakalar, ösüş hem özgerişler bilen nurlanýar. Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň “Döwlet adam üçindir!” diýen binýatlyk ýörelgesi bu günki gün Arkadagly Gahryman Serdarymymyz tarapyndan üstünlikli durmuşa geçirilýär. Alnyp barylýan giň gerimli özgertmeler bedew batly menzillerimize röwşenlik nuruny çaýýar.

Milli ykdysadyýetimiziň beýleki ugurlary bilen birlikde ulag-kommunikasiýa ulgamyny kämilleşdirmek babatda hem netijeli işler ýola goýulýar. Türkmenistan Diýarymyzda döwrebap ulag ýollary hereket edýär, sebit we halkara ulag geçelgeleriniň möhüm bölegi bolan ýokary tizlikli awtoulag ýollarynyň hem-de demir ýollaryň, täze-täze köprüleriň, Halkara howa menzilleriniň, gurulmagy ýurdumyzda Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda ulag diplomatiýasynyň barha uly orna eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Bagtyýar zamanamyzda şeýle döredilýän mümkinçilikler hem şertler ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny berkitmäge, bereketli, sahawatly türkmen topragymyzda öndürilýän önümleriň daşary ýurtlara giňden eksport edilmegine ýardam berýär. Bu günki gün ulag ulgamynda ýurdumyzyň halkara abraýy barha belent derejelere galýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň ykrarnamasy esasynda Türkmenistan ýurdumyzyň başlangyjy bilen her ýylyň 26-njy noýabry “Bütindünýä durnukly ulag güni” diýlip yglan edildi. Munuň özi bolsa, Hormatly Prezidentimiziň sebit hem dünýä ähmiýetli beýik başlangyçlarynyň tutuş dünýä ýüzünde goldaw tapýandygynyň nobatdaky beýany bolup çykyş edýär. Bu ugurdaky işlere örän uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär, pudagyň kärhanalary döwrebap enjamlar, öňdebaryjy sanly tehnologiýalar bilen üpjün edilip, toplumyň işine ylmyň iň täze gazananlary ornaşdyrylýar we ugurdaş düzümleri giňeldilýär. Durmuşa geçirilýän işleriň netijesinde dünýä ülňülerine gabat gelýän ýokary hilli önümleriň öndürilişiniň möçberi artdyrylýar.

Türkmenistan bu ugurda dünýäniň kuwwatly döwletleriniň hataryna girýär. Türkmen döwletimizde halkara hyzmatdaşlyga işjeň goşulyşmagy, ulag düzümleriniň we üstaşyr mümkinçilikleriň netijeli ulanylmagy bu pudagyň ösdürilmegi barada uly alada edilýändigini alamatlandyrýar.

Merdan BAÝRAMOW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we
ulag kommunikasiýalary institutynyň
Ykdysadyýet we dolandyryş
fakultetiniň V ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok