Robotehnika bäsleşiginiň çäklerinde taslama bäsleşigi geçirildi

Ozal hem habar berşimiz ýaly,  Aşgabat şäherindäki 97-nji orta mekdebinde Türkmenistanyň mekdep okuwçylarynyň arasynda bilim robotehnikasy boýunça bäsleşik geçirildi.

Bäsleşigiň dowamynda Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan gelen okuwçylar öz döreden, durmuşa ornaşdyrylmadyk dürli taslamalaryny hödürlediler.

Hödürlenen taslamalar bilen Nebitgaz toplumynyň sanly ulgam we kiberhowpsuzlyk boýunça bilermenleri hem gyzyklandy.

Şeýlede ÝUNISEF wekilleri tarapyndan festiwalyň çäklerinde geçirilen taslamalar bilen ýeke-ýeke tanyşdylar we baha berdiler.

Taslama bäsleşiginiň ýeňijileri:

I orna 97-nji or­ta mek­de­bi­niň okuw­çy­la­ry Emir­han Gylç­mu­ham­me­dow hem-de Lä­le­me­lek Gylç­mu­ham­me­do­wa bi­rin­ji or­na my­na­syp boldular.

II orna Aş­ga­bat şä­he­rin­dä­ki Sa­par­my­rat Türk­men­ba­şy adyn­da­ky ýö­ri­te­leş­di­ri­len umu­my­bi­lim ber­ýän mek­dep in­ter­na­ty­nyň okuw­çy­la­ry Ata­jan Nur­gel­di­ýew hem-de Oguz­han Mer­ge­no­wyň tas­la­ma­la­ry my­na­syp bol­dy.

III orna Aş­ga­bat şä­he­ri­niň 70-nji or­ta mek­de­bi­niň okuw­çy­la­ry Me­det Mä­te­row hem-de Ba­tyr Ho­ja­ne­pe­so­wyň tas­la­ma­la­ry mynasyp boldy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok