Aşgabat şäherinde täze ýaşaýyş jaýlary açylyp ulanmaga berildi

Häzirki wagtda şanly Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy toýunyň öňüsyrasynda Aşgabat şäheriniň Parahat 7 ýaşaýyş toplumynyda ähli amatlyklary bolan täze döwrebap ýaşaýyş jaýlary açylyp dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi.

«Watan habarlary» gepleşiginde habar berilmegine görä, baýramçylyk mynasybetli gurulan desgalardan 9 gatly 54 öýli jaýlaryň 6 sanysy we 9 gatly 36 öýli ýaşaýyş jaýlaryň 4 sanysy ulanylmaga berildi. Aýdym-saz bilen utgaşyp giden açylyş dabarasyna şäher we etrap halk maslahatynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, paýtagtymyzyň häkimlikleriniň wekilleri, hormatly ýaşulular, ak saç eneler we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Çäräniň dowamynda medeniýet we sungat ussatlarynyň şeýle hem folklor toparlarynyň guramagynda aýdym-sazly çykyşlar ýaýbaňlandyryldy. Alnyp barlan gurluşyk işleriniň dowamynda has tapawutlanan işçilere bolsa Hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuruldy.

Gülşat MUHAMMEDOWA,
D.Azady adyndaky TMDDI-niň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok