Ata Watanymyzyň ösüşli menzilleri

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe eziz diýarymyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Her bir pudagy uly ösüşlere, şöhratly menzillere beslenýän ýurdumyz mukaddes Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk şanly toýuny ulydan toýlaýar. Garaşsyz Türkmenistany gözüniň görejine, şirin janyna deňeýän eziz watandaşlarymyz üçin bu milli baýramymyzyň gadyr-gymmaty has-da başgaça. Häzirki wagtda Watanymyzyň çar künjegi toý lybasyna, baýramçylyk ruhuna beslenýär. Raýatlaryň yhlasly zähmet çekmekleri, Watanymyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmaklary üçin zerur bolan amatly şertler yzygiderli döredilýär. Agzybir halkymyzyň her bir şanly senä öz hünär sowgady bilen barmagy indi asylly däbe öwrüldi. Ýaňy-ýakynda hem, ýagny 21-22-nji sentýabrda gözel paýtagtymyzyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň ykdysady üstünliklerini ýaýbaňlandyrýan ajaýyp sergi guraldy. Sergide milli ykdysadyýetimiziň halkara bäsdeşligine ukyply we dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän önümleriniň giň görnüşleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.

Gazanylýan belent derejeler, rowaçlyklara beslenýän her bir tutumly işler mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Garaşsyzlyk dana pederlerimiziň wysal tapan yhlasy bolup, halkymyzy Gün kibi çoýýar. Gysga döwrüň içinde ýurdumyz kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýädäki abraýyny barha berkedip, ösen döwletleriň hatarynda goşulyp, halkara jemgyýetçiliginiň deňhukukly agzasyna öwrüldi. Garaşsyz, erkana Watanymyz Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ygtybarly, açyk, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaşa, parahatçylygyň merkezine öwrülip, Ýer ýüzünde umumadamzat başlangyçlaryny öňe sürýän döwlet bolup çykyş edýär.

Güljahan BÄŞIMOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok