Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň oýlanyşykly, ösüşe, döredijilige gönükdirilen içeri we daşary syýasaty alyp barýar. Üstünlikli durmuşa geçirilýän halkara ähmiýetli iri taslamalar Garaşsyz döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge ýardam berýär. Bu ugurda amal edilýän işleriň netijesinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklary çalt depginde ösýär, sebitlerde täze kärhanalar gurulýar, senagat hem oba hojalyk önümleriniň möçberi barha artýar.
Munuň özi beýik Garaşsyzlygymyzyň goýnunda geljekki ösüşlerimiziň ygtybarly girewidir. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň binýadynyň has-da berkidilmegi baky bagtyýar durmuşa atarýar.
Eziz halkymyz ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýuny uly joşgun, uly şatlyk bilen garşylaýar. Şu günler Beýik Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygy mynasybetli ýurdumyzyň ykdysady, syýasy, ylym-bilim, medeni hem sport üstünlikleriniň sergisi, ylmy maslahatlar, duşuşyklar geçirilýär. Olarda berkarar Watanymyzyň gazanan üstünlikleri, geljekki ösüşlerimiziň badalgasyna öwrüljek başlangyçlary, ýeten belent sepgitleri giňişleýin beýan edilýär. Çünki Garaşsyzlygymyzyň taryh üçin uly bolmadyk 32 ýyllyk döwründe milli ykdysadyýetiň kuwwatyny artdyrmakda, eziz halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda dünýä nusgalyk, asyrlara hem döwürlere barabar işler mynasyp derejede durmuşa geçirilýär. Bu ugurda geljegi nazarlaýan döwlet maksatnamalarynyň çäginde täze iş orunlaryny döretmek, häzirki döwrüň zerur talaby bolan innowasion tehnologiýalary pudaklara ornaşdyrmak abadan we döwletli döwrana kepil bolup hyzmat edýär.
Gazanylýan bedew batly ösüşler, älem-jahana nusgalyk başlangyçlar döwrümize bolan buýsanjy has hem goşalandyrýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda ýurdumyzda uludan bellenilýän mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllyk toýy bilen Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy hem-de tutuş türkmen halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys!
Tylla HALMURADOWA,
Türkmen Döwlet bedenterbiýe
we sport institutynyň III ýyl talyby.
Teswirler