Garaşsyzlyk bilen galkynan Watan

Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň iň täze taryhy, gazanýan üstünliklerimiziň hem-de ösüşlerimiziň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzdan gözbaş alýar. Taryh üçin gysga bolan döwürde ata Watanymyz Türkmenistan ösüşiň demokratik ýoluna gyşarnyksyz eýerýändigini, dünýäniň ähli döwletleri bilen deňhukukly, dostlukly gatnaşyklara, iki tarapa-da bähbitli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz kuwwatly we abadan döwlet hökmünde dünýädäki abraýyny has-da berkidip, dünýäniň ösen döwletleriniň hataryna goşulyp, halkara jemgyýetçiligiň deňhukukly agzasyna öwrüldi. Garaşsyz Watanymyz bu gün Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda ygtybarly, açyk, howpsuzlygy kepillendirýän hyzmatdaşa, parahatçylygyň merkezine öwrülen, umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürýän döwletdir.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şöhratly ýyllary içinde milli ykdysadyýetimiziň kuwwatlanmagynyň netijesinde, ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek diňe bir umumymilli we sebitleýin däl-de, eýsem halkara ähmiýetli iri taslamalara badalga berlip, olar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Amala aşyrylýan bu taslamalar ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň döwrebap ýagdaýa getirilmegini, olaryň öňdebaryjy tehnikalar we tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylmagyny, senagatyň we halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň tilsimat taýdan täzeden enjamlaşdyrylmagyny üpjün etdi.

Gahryman Arkadagymyzyň «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Garaşsyzlyk diňe biziň özbaşdak döwletimiziň barlygyny däl, ozaly bilen, özbaşdak halk hökmünde biziň özümiziň barlygymyzy aňladýandyr. Garaşsyzlyk — barlygymyz. Garaşsyzlyk — bagtymyz» diýlip bellenilýär.

Şonuň üçin Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, Garaşsyzlyk halkymyzyň şöhratly taryhynyň öçmejek ýazgylarydyr, bu taryha altyn harplar bilen ýazylýan şu günümizdir, bu taryhy öňe, diňe öňe alyp gitjek ýagty ertirlerimizdir. Garaşsyzlyk diýmek berkarar döwletliligimizdir we onuň dünýädäki belent at-abraýydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň netijesinde Garaşsyz döwletimiz halkara gatnaşyklar ulgamyna, dünýäniň ykdysady aragatnaşyklaryna işjeň gatnaşýar. Özüniň syýasy, ykdysady, medeni, ylym-bilim kuwwatyny ählumumy parahatçylygyň we ösüşiň bähbitlerine gönükdirýär. Bu gün dünýä bileleşigi bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ileri tutýan hem-de halkara hukuk kadalaryny we borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýän ýurt hökmünde Garaşsyz, baky Bitarap döwletimiziň abraýy has-da belende galýar.

Bibihajar KERIMOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok