Ylym we tehnikanyň gazananlaryna, täze tehnologiýalara, innowasiýalara daýanyp, ýurdumyzyň bilim ulgamy ösdürilýär. Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli kemala getirmek hormatly Prezidentimiziň amala aşyrýan döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
«Dünýäniň öňdebaryjy tejribelerinden ugur alnyp, ýaş nesliň döwrebap bilim almagy, ylym we döredijilik bilen meşgullanmagy ugrunda giň mümkinçilikleri döredýäris. Bilim işini döwrebaplaşdyrýarys, milli maksatnamalary, konsepsiýalary üstünlikli durmuşa geçirýäris. Ýaş nesilleriň ýokary derejede bilim almaklary, saýlan hünärleriniň eýeleri bolmaklary, watançylygyň hem-de ynsanperwerligiň belent ruhunda terbiýelenmekleri üçin giň mümkinçilikleri döredýäris» diýip, hormatly Prezidentimiz bu barada nygtady.
Bilim ulgamynyň kanunçylyk esaslary bolsa dünýäniň ösen tejribeleri bilen utgaşdyrylyp düýpli kämilleşdirilýär. Türkmenistanyň Bilim hakyndaky Kanuny bilim babatda gatnaşyklaryň hukuk esaslaryny düzgünleşdirýär we döwlet syýasatynyň ýörelgelerini, şeýle hem bilim ulgamynyň maksatlaryny, wezipelerini, ýerine ýetirýän işlerini we onuň işini dolandyrmagyň guramaçylyk esaslaryny halkara ölçeglerine laýyklykda kesgitleýär. Munuň özi ýurdumyzyň bilim pudagynda zähmet çekýän professor mugallymlara, hünärmenlere döredijilikli we has netijeli işlemäge, talyp ýaşlarymyza bolsa ruhy hem beden taýdan sagdyn ösmäge, halkara ölçeglerine laýyk derejede bilimleri alyp, durmuşa taýýar bolmaga, ýurdumyza, halkymyza gerekli hünärmenler bolup ýetişmäge şertleri, esaslary döredýär.
Bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikler hormatly Prezidentimiziň alyp barýan iňňän öňdengörüjilikli ynsanperwer täze syýasy we ykdysady ugrunyň ýaşlara oňat bilim bermäge, diýmek, has mynasyp geljegi üpjün etmäge gönükdirilendigini aýdyň subut edýär. Talyp ýaşlar döredilen mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, ata-babalarymyzyň däplerini dowam edip, häzirki bazar ykdysadyýeti şertlerde işlemäge taýýar bolarlar hem-de bütin dünýäde uly abraýa eýe bolan parahat we gülläp ösýän ýurdumyzyň hakyky watançylaryna, täze ösüş ugrunyň hereketlendiriji güýjüne öwrülerler.
Pirmuhammet GURBANMÄMMEDOW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-niň
Energetika we inženerçilik desgalary fakultetiniň talyby.
Teswirler