Beýik Ýüpek ýoly täzeden dikeldilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň 1-nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde ýaşlara geçen umumy sapagyndaky çuň manyly çykyşynda belleýşi ýaly, ýurdumyzyň durmuşa geçirýän ulag-logistika strategiýasynyň mazmuny öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýar. Muňa Milli Liderimiziň «Türkmenistan — Beýik Ýüpek ýolunyň ýüregi» atly kitabyny okanyňda hem aýdyň göz ýetirmek bolýar. Ýurdumyz geçmişde halklary we yklymlary birleşdiren bu şöhratly ýoly gaýtadan dikeltmek babatda möhüm başlangyçlar bilen çykyş edýär hem-de olary nusgalyk derejede, işjeň durmuşa geçirýär. Bu barada Gahryman Arkadagymyz ýokarda agzalan çykyşynda: «Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan häzirki zaman ulag geçelgelerini döretmek, kämilleşdirmek arkaly Ýewraziýa giňişliginiň ulag-logistika ulgamyna işjeň goşulyşýar. Ýurdumyzyň amatly geografik ýerleşişi bu babatda bäsdeşlige ukyply düzümi kemala getirmäge giň mümkinçilik berýär. Häzirki wagtda Türkmenistan Gündogar — Günbatar, Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgeleriniň taslamalaryny amala aşyrýar. Hususan-da, ýurdumyz Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe, TRACECA ýaly halkara ulag geçelgelerini döretmäge işjeň gatnaşýar» diýip belledi. 

Häzirki zaman ösüşini ulagsyz göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Sebäbi ösüş — munuň özi, ilkinji nobatda, döwletleriň söwda-ykdysady we maýa goýum hyzmatdaşlygydyr. Şonuň üçin ulag meselesine uly üns we gyzyklanma bildirilmegi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Ulag gatnawynyň döwletleriň arasynda ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin möhüm ähmiýeti bar. Türkmenistan bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ähli mümkinçiliklerinden peýdalanmaga çalyşýar. Soňky ýyllarda ýurdumyzda köpugurly ulag ulgamyny kemala getirmek, hususan-da, deňiz, derýa ulag ulgamynyň gerimini giňeltmek, täze howa, demir ýol, awtomobil ulag merkezlerini we geçelgelerini gurmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda, Prezident Maksatnamasynda we Oba milli maksatnamasynda ulag ulgamyny ösdürmek ykdysady strategiýanyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlendi. 

Gurluşygy ýokary depginde alnyp barylýan Aşgabat — Türkmenabat, Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýollary ýurdumyzyň sebitlerini gysga wagtda birleşdirer, pudagyň ygtybarly we bökdençsiz işlemegini üpjün eder, ýolagçylar üçin has oňaýly şertleri döreder. Ýöne şu ýerde ýene bir zada ünsi çekmek isleýäris. Ýokarda agzalan iri ulag taslamalarynyň durmuşa geçirilmegi bilen, täze halkara awtomobil ýoly hem peýda bolar we ol sebitiň ykdysadyýetiniň okgunly ösüşine oňyn täsir eder. Mysal üçin, Aşgabat — Türkmenabat awtobany üstaşyr ulag gatnawlaryny Aziýa — Ýuwaş umman sebitine çenli uzap gidýän awtomobil ýollarynyň köp şahaly ulgamyna birikdirer. Aşgabat — Türkmenbaşy ýokary tizlikli awtomobil ýoly bolsa Özbegistanyň ýük awtoulaglaryna Türkmenbaşy Halkara deňiz portuna, soňra deňiz ýoly arkaly Russiýa, Kawkaza, Ýewropa, Eýrana, Pars aýlagyna çykmaga mümkinçilik döreder. Umuman, Türkmenistan birnäçe üstaşyr ulag taslamalaryny amala aşyrmaga işjeň gatnaşýar.  

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ulag pudagyny ösdürmäge gönükdirilen toplumlaýyn milli maksatnamalaryň üstünlikli amala aşyrylmagy Beýik Ýüpek ýolunyň gaýtadan dikeldilýändiginiň, bu taryhy ýoluň ýüreginde ýerleşýän Garaşsyz Watanymyzyň dünýä giňişliginde öz ornuny pugtalandyrmaga uly ähmiýet berýändiginiň aýdyň güwäsidir.  

Ýusup ALLANAZAROW,
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky HNGU-niň
Energetika we inženerçilik fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok