Türkmen – Belarus söwda dolanşygy 50 göterime golaý ýokarlandy

2022-nji ýylyň maglumatlaryna görä Belarussiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanşygy 43,3% ýokarlandy, bu bolsa Türkmen, Belarus dost-doganlyk gatnaşyklarynyň barha pugtalanýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.

2023-nji ýylyň fewral aýynda geçirilen halkara forumda Belarussiýa bilen Türkmenistanyň arasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyga degişli meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistan döwletimiz Belarus gatnaşygyny söwdara däl eýsem dost-doganlyk gatnaşygy hem alnyp barylýar. Şeýle-de ylym-bilim, medeniýet, ulag – logistik pudaklaryň arasyndaky gatnaşyklary alnyp barylýar.

Belarus Respublikasynyň biziň ýurdumyzdaky ilçisi Wýaçeslaw Beskostiý «Нейтральный Туркменистан» gazetine beren beýanatynda Belarussiýa we Türkmenistanyň arasyndaky gatnaşyklarynyň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen tüýs ýüreginden Türkmen halkyny gutlady.

Döwlet ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk
institutynyň Agronomçylyk
fakultetiniň II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok