Her ýylyñ 1-nji sentýabry 30-njy sentýabry aralygynda geçirilen biraýlyk ýol-ulag hadysalarynyñ azalmagyna ýol hereketine gatnaşýanlaryñ ählisiniñ howpsuzlygyny gazanmaga gönükdirilendir. Başlanan biraýlygyñ “Ýol hereketiniñ howpsuzlygy – ömrümiziñ rahatlygy” diyip atlandyrylmagy hem bellenilen maksatlara gabat gelyär. Şu günler tutuş ýurdumyzda ýol hereketiniñ howpsuzlygy bilen bagly çäreler geçirilyar. Ministrlikde we
pudaklaýyn dolandyryş edaralara ýol hereketiniñ howpsuzlygyny üpjün etmek boyunça çäreleri durmuşa geçirilyar. Okuw jaýlarynda ýol hereketiniñ düzgünlerini giñişleýindüşündirmek boýunça wagyz nesihat işleri geçirilýär. Şeýle hem ilatyñ arasynda ýol hereketiniñ düzgünleri we olaryñ bozulmagy bilen bagly ýagdaýlary barada gürrüñdeşlikler guralýar.
Ýol hereketiniñ howpsuzlygyny ýokarlandyrmak döwlet syýasatynyñ ileri tutulýan ugurlarynyñ biridir. Mysal üçin, 2022-nji ýylyñ maý aýynda “Ýol hereketiniñ howpsuzlygy hakyndaky” we Türkmenistanyñ “Administratiw düzgün bozmalar hakynda Turkmenistanyñ Kodeksine goşmaçalar we üýtgetmeler girizmek hakynda” Türkmenistanyñ Kanunlary hereket edýär. Kadalaşdyryjy -hukuk binýadynyñ kämilleşdirilmegi raýatlaryñ we sürüjileriñ ýol hereketiniñ düzgünlerini berjaý etmegini gazanmakdan ybaratdyr. Şonuñ bilen birlikde ýurdumyzda ýokary halkara ölçeglerine laýyk gelýän awtomobil ýollaryny, köprüleri we degişli ýol ulag insfrastrukturasyny gurmak boyunça hem maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Mekan ANNAGYLYJOW,
Türkmen döwlet binägärlik gurluşyk institutynyň talyby.
Teswirler