Bilim — bagtyň binýady

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýaş nesliň döwrebap bilim-terbiýe almagy üçin ýokary şertleri döretmek, ýaş nesliň zehinini, ukyplaryny, başarnyklaryny ýüze çykarmak we ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işlerini kämilleşdirmek babatda degişli wezipeleri öňde goýdy.

Ýurtda orta hem ýokary bilimi döwrebap ösdürmek, ökde hünärli işgärleri taýýarlamak, ukyp-başarnykly, döredijilikli şahsyýeti terbiýelemek wezipeleri milli ykdysadyýetiň bäsdeşlige ukyplylygyna gönüden-göni täsir etmek gymmatlygynda jemlenýär. Çünki, täze ösüşleriň binýady hemişe bilim ulgamyna esaslanýar.

Milli Liderimiziň: “Türkmen paýhasynyň dünýäde dabaralanýan, ägirt uly işleriň durmuşa geçirilýän şöhratly zamanada okamak, öwrenmek, ata-babalarymyzyň öwütlerine wepaly bolmak, eziz Watanymyza ak ýürekden hyzmat etmek ýaşlarymyzyň baş maksady bolmalydyr” diýen ganatly sözleri bagtyýar ýaşlary beýik işlere ruhlandyrdy.

Biz — bagtyýar ýaşlar Gahryman Arkadagymyzyň gymmatly sargytlaryna, öwüt-ündewlerine berk eýerip, Watanymyzyň bedew batly taryhy ösüş-özgertmelerine saldamly goşandymyzy goşarys. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyzy bagtyýar ýaşlygyň mekanyna öwrendigi üçin Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz tükeniksizdir.

Adylhan AKGAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok