Russiýanyň ilkinji syýahatçylyk gämisi 2024–nji ýylda Hazar deňzine geler

Russiýanyň 310 ýolagça niýetlenen bäş ýyldyzly “Beýik Pýotr” ilkinji syýahatçylyk gämisi 2024-nji ýylda Hazar deňzindäki Türkmenbaşy portuna geler. Ilkinji syýahatynda “Beýik Pýotr” gämisi Hazar we Gara deňizlerine gezelençleri ýola goýup başlar. Bu syýahatçylyk gämisi gezelenjiň dowamynda Azerbeýjanyň (Baku), Gazagystanyň (Aktau), Türkmenistanyň (Türkmenbaşy), Russiýanyň (Mahaçkala) portlaryna bolar.


Bu kruiz gämisi Russiýanyň Günorta gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş önümçilik merkeziniň “Lotos” gämi gurluşyk we gämi abatlaýyş kärhanasynyň önümçilik meýdançasynda guruldy. Gäminiň gurluşygy sebitde syýahatçylygy ösdürmek üçin ähmiýetli bolup Hazarýaka döwletleriň arasynda syýahatçylyk pudagynda hyzmatdaşygy has-da artdyrar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok