Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ugurlaryny ösdürmäge, olaryň işini kämilleşdirmäge uly ähmiýet berilýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 32 ýyllygy uludan bellenilýän 2023-nji ýylda mähriban halkymyz milli ykdysadyýetimiziň ähli ugurlaryny uly üstünliklere besleýär. Arkadagly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda Garaşsyz ýurdumyzda ähli ugurlarda gazanylýan uly üstünlikler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini düýpli ýokarlandyrýar, mähriban Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkidýär.
Mukaddes Garaşsyzlygymyz döwlet syýasatymyzyň yranmaz sütünidir, bagtymyzyň gözbaşydyr. Beýik Garaşsyzlygymyzyň bize eçilen miweleri ýolumyza röwşen çyragdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň pähim-parasatly, ynsanperwer syýasatyny dowamat dowam eýleýän Arkadagly Serdarymyzyň döwletli tutumlary netijesinde döwletimiziň halkara abraýy barha ýokarlanýar. Berkarar Diýarymyz, eşretli zamanamyz, nurana sabalarymyz, ýagty ertirlerimiz mähriban halkymyzyň döwletli-döwranyny nazarlaýan mukaddes taglymatdyr.
Garaşsyzlyk Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzy has-da gülledip ösdürmek we öňde goýlan belent wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek ugrunda yhlas bilen zähmet çekýän halkymyzyň göwünlerini ganatlandyrýar, ruhuny has hem belentliklere göterýär. Eziz Watanymyz Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmegi üçin uly rowaçlyklary bagyşlaýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllygynyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda bir-biri bilen utgaşyp gelýän taryhy wakalar türkmen halkynyň bagtyýarlygyny berkarar döwletimiziň ösüşleriniň aýdyň alamaty bolup ýüreklere ornaýar. Garaşsyzlyk baýramynyň belleniljek günlerinde ak şäherimiz, paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we ýurdumyzyň ähli künjeklerinde durmuş–medeni ähmiýetli binalaryň birnäçesi dabaraly açylar we ulanylmaga berler.
Garaşsyz, özbaşdak döwletlilik beýik pederleriň arzuwlany. Türkmen halky bu gün öz bagtyna, döwletli döwranyna, bagtyýar zamanasyna buýsanýar. Çünki Milli Liderimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň berkarar ýurdumyzda ösüşi pugtalandyrmak, raýatlaryň ýaşaýyş-durmuşyny dünýä derejesinde kämilleşdirmek, halkyň maddy hal-ýagdaýyny ýokarlandyrmak boýunça durmuşa ornaşdyrýan maksatnamalary ata Watanymyza, halkymyza egsilmez söýgüsinden aýdyň nyşandyr. Eziz Watanymyzyň şanly Garaşsyzlygyny halkara derejesinde täze mertebä göteren Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli beýik işleri mydama rowaçlyklara beslensin! Ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryndan wysal bolan Garaşsyz döwletimiziň at-abraýy, şan-şöhraty asyrlara ýaň salsyn!
Akjagül ATAÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Jemgyýeti öwreniş ylymlary
kafedrasynyň mugallymy.
Teswirler