Garaşsyzlyga ýetmek, berkarar döwlet gurmak asyrlarboýy halkymyzyň arzuw-islegi bolup geldi. Taryhyň dürli öwrümlerinde, juda jepaly döwürlerinde muňa ýetmek, erkli-ygtyýarly, deňli-derejeli bolmak, milletlik mertebäňi doly ykrar etdirmek baradaky umyt gyldan inçe bolan-da bolsa, barybir, ol üzülmändi. Ata-babalary beýik siwilizasiýalary döredip, adamzat ösüşlerine tizlik beren, uly-uly döwletleri guran halkyň akylly, düşünjeli, dana nesilleri geçen asyrlarda berkarar döwletliligi hyýalynda döredipdi, pikirinde göz öňüne getiripdi. Hernäçe kynçylykly bolsa-da, öz erk-ygtyýary, özbaşdaklygy ugrunda göreşipdi. Hawa, şeýle — umytlar inçelipdi, inçelipdi, emma üzülmändi. Ol hatda ýöne bir arzuw-umyt hem bolman, gizlin syr ýaly, kalplaryň çuňunda, ynama öwrülip, mydama halkyň baş maksady bolup ýaşaýardy.
Şol telim asyrlyk arzuw-islegleriň hasyl bolanyny, baş maksada ýetilenini — şu beýik bagty görmek bize miýesser etdi. Dogrusy, arzuwdakydan hem zyýada durmuşa ýetdik diýip, arkaýyn aýdyp bileris. Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan abadan, asuda, gülläp ösýän, dünýäde öz ornuny tapan, belent abraýa eýe bolan ýurt! Biziň halkymyz, ine, şeýle döwletiň saýasynda ýaşaýar.
Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanymyzyň isleg-arzuwlarymyzyň hasyl bolýan ýurduna öwrülmegi özüniň gözbaşyny beýik Garaşsyzlygymyzdan alýar. Şonuň üçinem il-günümiz bu baýramçylygyny ykjam taýýarlykly garşylamagy asylly däp edindi. Şeýle däbe eýerýän türkmen ili şanly senä zähmet sowgatly barmak maksady bilen döredijilikli zähmet çekýär.
Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylynda il-ulsumyz yhlasly, tutanýerli zähmeti, syýasy, ykdysady, medeni ulgamlarda gazanýan üstünlikleri bilen Garaşsyzlygymyzyň 32 ýyllyk baýramyny garşylaýar. Bagtyýar durmuşymyz täze öwüşginler bilen bezelýär. Ösüşlerimiz dowamly bolup, taryhy senenamamyza müdimilik ýazylýar. Muny döwletimiziň durmuşynda bolup geçýän şanly wakalar subut edýär. Döwrümizi bagtyýarlyga öwren, ýyllarymyzy rowaçlyklara besleýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşlarymyz egsilmezdir.
Laçyn BAÝRYÝEWA,
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky
Döwlet gullugy akademiýasynyň
diňleýjisi.
Teswirler