Garaşsyzlyk – baky bagtyň gözbaşy

32 ýyl mundan ozal türkmen halky syýasy nukdaýnazardan öňdengörüjilikli we ykdysady taýdan oňaýly milli Garaşsyzlyga tarap ilkinji ädimini ätdi. Erkinligi, mertebesini baýdak edinen halkymyz üçin Garaşsyzlygyň, berkarar döwletiň gymmatlyklarynyň näderejede arzylydygyny medeni mirasymyzyň çeşmelerinde, hususan-da Magtymguly Pyragynyň goşgularynda görmek bolýar.

Garaşsyz döwlet — diňe bir özygtyýarlylygy we ykbalyňy erkin kesgitlemegi aňlatmak bilen çäklenmän, eýsem, dünýä bilen döwrebaplygy, milli mirasyň köklerine daýanmagy hem alamatlandyrýar. Döwlet özygtyýarlylygynyň milli ýörelgeleri Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň mazmunynda beýanyny tapýar. Esasy Kanunymyzda Türkmenistanda kanunyň hökmürowandygy, ýurdumyzyň her bir raýatyň durmuş taýdan goraglylygyny kepillendirýän döwletdigi baradaky kadalar, konstitusion esaslar nygtalýar.

Ata Watanymyzyň Garaşsyzlyga eýe bolmagy halkymyzyň jebisligini, jemgyýetimiziň asudalygynyň we ýurdumyzyň berkararlygynyň iň ygtybarly serişdesi bolmak bilen, täze taryhy eýýamyň başlanýandygyny alamatlandyrdy. Bu taryh Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistany daşary ýurtlar bilen durnukly ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlykda parahatçylyk, ählumumy howpsuzlyk we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan döwlet hökmünde dünýä jemgyýetçiligine aýdyňlygy bilen tanatdy.

Goý, Garaşsyz döwletimizi berkararlyga, halkymyzy bagtyýarlyga ýetiren türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak bolup, il-ýurt we umumadamzat bähbitli döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!

Mülkiaman YMAMKASYMOW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok