Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan ýurdumyzyň geljegi nazarlaýan ösüş derejesi barha ýokarlanýar. Hormatly Prezidentimiziň parasatly başlangyjy bilen ata Watanymyzyň her bir raýatynyň asuda, abadan durmuşyny üpjün etmek maksatly alnyp barylýan işleriniň sany barha artýar. Esasan hem, her ýylyň sentýabr aýynda geçirilýän “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly bir aýlygyň çäklerinde ýurdumyzyň nurana ýollarynda hereket howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça möhüm çäreler ýola goýulýar. Onuň çäklerinde wagyz-nesihat çäreleri, ençeme maslahatlar geçirilýär. Eziz ýurdumyzda mähriban halkymyzyň jan saglygyna, howpsuz ýaşaýşyna gönükdirilen şeýle möhüm çäreler “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda hem guramaçylykly geçirilýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. Peder ýoluny dowamat dowam eýleýän Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda kabul edilen birnäçe maksatnamalarynyň esasynda diýarymyzyň dürli künjeklerinde döwrebap ýollaryň müňlerçe kilometrlere uzalyp gitmegi bolsa ýaşaýjylaryň howpsuz ýaşamaklary üçin edilýän tagallalarynyň biri hasaplanylýar. Ýurdumyzda hereket edýän kanunlar, kodeksler we kadalaşdyryjy hukuknamalar Türkmenistanda ýaşaýan ýaşaýjylaryň bähbitlerine laýyklykda kabul edilýär. Şol sanda “Ýol hereketiniň howpsuzlygy hakynda” Türkmenistanyň Kanuny muňa aýdyň mysal bolup bilýär. Ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň çäklerinde degişli gözegçilikler hem amala aşyrylýar. Ösüp gelýän ýaş nesliň abadan we rahat durmuşda ýaşamaklary üçin birnäçe çäreler durmuşa geçirilýär. Çünki asudalygyň, abadançylygyň hem baky bagtyýarlygyň mekany bolan ata Watanymyz Türkmenistanda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Ak ýollarda howpsuzlyk çärelerini berjaý etmek boýunça gündelik düşündiriş we öňüni alyş işleri içeri işler edaralarynyň işiniň iň möhüm böleklerinden biridir. Çäreleriň meýilnamalaryna laýyklykda, ýurdumyzyň ähli döwlet edaralarynda, umumy bilim berýän mekdeplerde we çagalar baglarynda degişli edaralar tarapyndan ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmeklige gönükdirilen ýörite sapaklar guraýarlar. Munuň özi bolsa eziz halkymyzyň bagtyýar durmuşyny üpjün etmäge gönükdirilen bolup durýar. Şeýle möhüm başlangyçlar bilen ýurdumyzy gülledýän, türkmen halkymyzyň abadan ýaşaýşyny amal edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, tutumly işleri hemişe üstünlikler bilen rowaçlansyn!
Mähri ŞYHYÝEWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy,
institutyň Zenanlar guramasynyň başlygy.
Teswirler