Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara bäsleşige badalga berildi

Golaýda, Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky ilçihanasynyň we Türki dünýäsiniň inžener we binagärler birleşiginiň guramaçylyk goldawy bilen, Ankara Sosial uniwersitetiniň binasynda Arkadag şäheriniň tanyşdyrylyş dabarasy boldy. Şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli halkara bäsleşige badalga berildi. Geçirilen dabara diplomatlar, Ankaranyň Mamak etrabynyň häkimi Murat Köse, jemgyýetçilik-syýasy guramalaryň ýolbaşçylary, döredijilik we ylmy edaralaryň wekilleri, Türkiýedäki ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçylarydyr mugallymlary, şeýle hem türk metbugatynyň wekilleri gatnaşdylar.

Dabaranyň dowamynda, Türki dünýäiň inženerler we binagärler birleşiginiň baş sekretary Ilýas Demirji çykyş edip, ol öz çykyşynda 2024-nji ýylda Türkmenistanyň we tutuş türk dünýäsiniň beýik akyldary we şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellejekdigini aýtdy.

Magtymguly Pyragynyň diňe bir Gündogarda däl, eýsem, tutuş dünýäde poeziýanyň ösmegindäki uly roluna ünsi çekip, I.Demirji Türki dünýäniň inženerler we binagärler birleşiginiň Geňeşiniň türk dilli ýurtlaryň ýaş alymlarynyň arasynda Magtymguly Pyragynyň işine bagyşlanan halkara bäsleşigi geçirmek baradaky kararyny yglan etdi.

Bäsleşigiň emin agzalarynyň düzümi 2023-nji ýylyň 5-nji oktýabrynda tassyklanar we bäsleşigiň netijeleri 2024-nji ýylyň maý aýynda yglan ediler.

Ýeri gelende belläp geçsek, Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara bäsleşigi geçirmek Magtymguly Pyragynyň döredijiligini türk dünýäsiniň ýaşlarynyň arasynda tanatmaga we halkara medeni gatnaşyklaryň ösmegine goşant goşar.

Anarhal AMIRKULOWA,

Döwletmämmet azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok