Göwün guşumyzy ganatlandyrdy

Şu ýylyň 1-nji sentýabrynda, ýagny Bilimler we talyp ýaşlar gününde hormatly Prezidentimiziň ak pata bermeginde Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň täze binalar toplumynyň düýbüniň tutulmagy baýramçylyk dabarasynyň şatlyk-şowhunyny has-da artdyrdy.

“Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna” laýyklykda, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda 9 ugur we 29 hünär ugry boýunça hünärmenler taýýarlanylýar. Bu ýokary okuw mekdebiniň düzümine okuw-gurluşyk, Türkmen-hindi okuw-önümçilik merkezleri girýär. Ýokarda agzalan konsepsiýany durmuşa geçirmegiň meýilnamasyna laýyklykda, institutda içki tor döredildi, onuň binýadynda sanly bilim portaly hereket edýär hem-de onuň mazmuny yzygiderli täzelenilýär. Ýokary okuw mekdebiniň okuw işine elektron resminama dolanyşyk ulgamy ornaşdyryldy. Häzirki wagtda TDBGI-de degişli ylalaşyklaryň hem-de ähtnamalaryň esasynda Russiýa Federasiýasynyň, Rumyniýanyň, Belarusuň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Hindistanyň we beýleki ýurtlaryň esasy ýokary okuw mekdepleri bilen netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy hem-de işjeň ösdürilýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, hormatly Prezidentimiziň şu ýylyň 25-nji awgustynda gol çeken degişli Kararyna laýyklykda, Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň ugrunda bina ediljek bu desganyň taslamasyny düzmek, ony gurmak, ýanaşyk çäkleri abadanlaşdyrmak, ozal bar bolan inženerçilik ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak we täzelerini gurmak Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy “Ajaýyp gurluşyk” hususy kärhanasyna tabşyryldy. Şeýle-de resminama laýyklykda institutyň binalar toplumyny 2026-njy ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi.

Yslam TYLLANUROW,

Türkmen döwlet binagärlik we
gurluşyk institutynyň Inžener-mehanika
fakultetiniň dekany.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok