Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy

Köçe-ýol hereketine gatnaşyjy pyýada ýolagçylaryň we sürüjileriň sanynyň barha artýan häzirki döwründe ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak maksady bilen, her ýylyň 1—30-njy sentýabry aralygynda ýurdumyzda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk çäresi guramaçylykly geçirilýär.

Indi 10 ýyldan bäri geçirilip gelinýän biraýlyk iňňän uly ähmiýetlidir. Onuň çäklerinde geçirilýän wagyz-nesihat we düşündiriş çäreleri öz miwesini hem berýär. Her ýyl «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk bilen baglanyşykly edara-guramalarda, orta mekdeplerde, çagalar baglarynda dürli çäreler geçirilýär. Esasan-da, bilim ojaklarynda synplardan daşary geçirilýän çärelerde bu meseläniň üstünde jikme-jik durlup geçilýär. Bilim-terbiýeçilik edaralarynda «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy», «Ýaşyl yşyk», «Ýolyşyk — biziň dostumyz», «Ýol hereketiniň kadalaryny berjaý edeliň!» ady bilen netijeli wagyz-nesihat häsiýetli çäreler, gyzykly bäsleşikler geçirilýär.

Il-günüň agzybirligini, halkyň abadançylygyny baş maksat edinýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallasy bilen her ýyl «Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy» diýen at bilen guralýan biraýlygyň geçen ýylky tapgyrynyň netijeleri bilen tanşanyňda, ýurdumyzda köçe-ýol hereketiniň asudalygyny we howpsuzlygyny üpjün etmekde, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almakda giň gerimli işleriň alnyp barlandygyny, bu ugurda üstünlikleriň gazanylandygyny görmek bolýar.

Jeren AKYÝEWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok