Ylym-bilim — ösüşleriň ganaty

Ýaş nesiller — ýurdumyzyň geljegi. Olaryň bagtyýarlygy, ruhubelentligi, sagdynlygy ugrunda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda beýik işler durmuşa geçirilýär. Geljegimiz bolan ýaş nesilleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik ruhuna mynasyp edip ýetişdirmek üçin uly aladalar edilýär, ähli mümkinçilikler döredilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow: «Ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn nesli terbiýelemäge örän uly ähmiýet berýäris» diýip nygtamak bilen, bilimiň we terbiýäniň hiliniň dünýä derejesinde bolmagy, nesillerimiziň döwrebap terbiýelenmegi üçin taýsyz tagallalary edýär. Ýurdumyzda bilim ulgamynda uly işler alnyp barylýar. Şeýle işleriň biri-de, sözleýiş kämilligini ösdürmek boýunça alnyp barylýan işlerdir. Her bir ýurduň medeniýetde, syýasatda, ykdysadyýetde ýeten derejesinde dil bilimi möhüm ähmiýete eýedir.

Täze taryhy döwrümizde hormatly Prezidentimiz bilim edaralarynyň maddy-enjamlaýyn, hukuk binýadyny berkitmek, ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, häzirki zamanyň ösen tehnologiýalaryna erk edýän watansöýüji ýaşlary kemala getirmek babatynda nusgalyk işleri durmuşa geçirýär. Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaraly bellenilýän senesinde Diýarymyzyň dürli künjeklerinde täze, döwrebap orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň açylyp ulanylmaga berilmeginiň mysalynda hem bu ugurdaky tagallalara buýsanç bilen göz ýetirmek bolýar.

Goý, ösüşleriň hem özgertmeleriň eýýamynda milli bilim ulgamynda uly işleri amala aşyrýan hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, tutumlary hemişe rowaç bolsun!

Atamyrat ORAZNEPESOW,

Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň Aragatnaşyk
torlary we kommutasiýa ulgamlary
kafedrasynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok