Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde talyp ýaşlara umumy okuw sapagyny geçdi

1- nji sentýabrda Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşginde türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli türkmen bagtyýar ýaşlaryna umumy okuw sapagyny geçdi.

Halk maslahatynyň Başlygy ilki bilen bu ýere ýygnanlary jemgyýetçilik durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlady. Türkmen Halkynyň Milli Lideri Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz umumy sapagynda Türkeminstan watanymyzda alnyp barylýan işleri we ugurlary barada gürrüň berdi.

Türkmenistanyň döwlet maksatnamasynda alnyp barylýan döwlet ähmiýetli işler barada beýan edip we şol ugurlardan ökde hünärmenleri ýetişdirmekde pudaklary ösdürmekde ähli şertleri döredilendigi barada beýan etdi. Täze ýokary okuw mekdeplerini, täze orta mekdeplerini açyp berilmegi täze okuw ýylynda Arkadag şãherinde açylan Aba Annaýew adyndaky Atçylyk akedemiýasy we ondan başga açylan orta hünar mekdepleri munuň şaýady bolup durýar.

Türkmen Halkynyň Milli Lideri çykyşynda ýene-de sanlyja günlerden Tûrkmenistanyň Garaşsyzlygyna eýe bolanyna 32 ýyl dolýandygyny hem aýratyn belläp geçdi.

Umymy okuw sapagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Türkemnistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýaşlara watançylyk edermenlik baradaky parasatly öwüt-nesihatlaryny berdi. Gahryman Arkadagymyzyň çykyşy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy.

Döwlet ÖWEZGELDIÝEW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
agronomçylyk fakultetiniň
II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok