Birinji synpa kabul edilen okuwçylarymyzyň 153 müň 353-sine kompýuter sowgat berildi

Şu ýyl ýurdumyzyň bilim ojaklaryna 153 müň 353 okuwçy birinji synpa kabul edildi. Olaryň ählisine Hormatly Prezidentimiziň adyndan ýurdumyzda öndürilen kompýuterler sowgat berildi. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli geçen umumy sapagynda belläp geçdi.


Bereketli güýz paslynyň ilkinji gününde Arkadag şäherinde bina edilen Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasyna, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebine, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebine, okuw-terbiýeçilik toplumyna, iňlis dili dersine ýöriteleşdirilen mekdeplere, çagalar baglaryna körpelerimiz, okuwçy hem-de talyp ýaşlarymyz ruhubelentlik bilen gadam basdylar. Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda çagalar baglarynyň hem-de orta mekdepleriň onlarçasy dabaraly açyldy. Birinji synpa kabul edilen okuwçylarymyzyň 153 müň 353-sine ýurdumyzda öndürilen kompýuterler sowgat berildi.


Eziz Diýarymyzyň ähli sebitlerinde baý many-mazmunly çäreler geçirilýär. Bilimler baýramynyň bu ajaýyp dabaralary Bitarap Watanymyzyň şöhratly taryhyna, häzirki beýik döwrüne we nurana geljegine bolan söýgimizi, agzybirligimizi, jebisligimizi has-da berkidýär. Goý, döwletli Diýarymyzda hemişe toý-baýramlarymyzyň owazy dünýä ýaň salsyn diýip, Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Allamyrat SEÝTIÝEW,
Türkmen oba hojalyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok