ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti (GYС) Türkmenistanyň Ýaşlar guramasyny resmi agzalygyna kabul etdi

Ýurdumyzda ýaşlar syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär, muňa aýdyň mysal hökmünde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasyna hoş habar gelip gowuşdy. ÝUNESKO-nyň sekretariatynyň Sosial we ynsanperwer ylymlary bölümçesiniň syýasat we maksatnamalar meseleleri boýunça direktory Anžela Melo Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň indi ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň (GYС) resmi agzasy bolandygy barada öz hatynda uly şatlyk bilen belläp geçdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.


Bu habar ýaşlarda uly buýsanç döretdi. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti ýaşlar tarapyndan döredilen we dolandyrylýan özboluşly dünýä derejesindäki merkez bolup, ýaşlar bilen bilelikde taslamalary amala aşyrmakda özara gatnaşyklary ýola goýmak maksady bilen döredilendir.


ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýeti ýaşlar bilen işleşmäge ýaşlary, guramalaryň işine çekmäge, ÝUNSEKO-nyň içindäki taslamalary bilelikde öwrenmäge we durmuşa geçirmäge höwesli ýaşlaryň, we ýaşlar guramalary üçin bilim giňişligi hökmündäki guramadyr.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok