Akdepe etrabynda “Ýaşlar we döwür” atly pedagogika maslahaty geçirildi.

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrap geňeşliginde “Ýaşlar we döwür” atly pedagogika okuw maslahaty geçirildi.

Bu maslahatyň diňleýjileri Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Akdepe etrap Geňeşiniň wekilleri hem-de Akdepe etrabynyň Andalyp şäherindäki birnäçe mekdep mugallymlary boldy.

Täsirli geçen pedagogika maslahatynda Maglumat we aragatnaşyk ulgamlary, Kompýuter Tehnologiýalary- ugry boýunça Türkmenistanyň I derejeli Ýaş alymy Dilnoza Mamutniýazowa “Dil guralmy ýa-da hünärmi?” atly tema bilen çykyş etdi.

Maslahatda Dilnoza Mamutniýazowa we diňleýjiler bilen daşary ýurt dillerini okatmagyň esasy psihologik ýörelgeleri, dili özbaşdak öwrenmegiň innawasiýon usullary barada şeýle-de bilim bermegiň derejesini kämilleşdirmek barada täsirli pikir alyşmalar boldy.

“Ýaşlar we döwür” atly pedagogika okuw maslahaty Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň işjeň agzalary, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Akdepe etrap Geňeşiniň Ýaşlar guramasynyň guramagynda geçirildi.

Allamyrat GAPUROW
Magtymguly adyndaky TDU-nyň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok