Gün şöhlesiniň ýiti täsirinden goranalyň!

Öz jan saglygymyz barada alada etmek her birimiz üçin möhümdir.

Tomus paslynyň ýiti Gün şöhlesi adamlarda köplenç gün urma hadysasyny döredýär. Biz hem lukmanlaryň berýän maslahatlaryna salgylanyp size gün urma hadysasynyň öňüni almak bilen baglanşykly birnäçe maslahatlary hödürleýäris:

  • Daşary çykan wagtyňyzda Günden goranmak üçin hökman kelläňize ýeňiljek açyk reňkdäki başgap geýiň ýa-da saýawan göteriň!
  • Geýýän egin-eşikleriňiz açyk reňkde bolmaly, ýuka matadan dikilen egin-eşikleri geýmek maslahat berilýär. Sebäbi bu ýagdaýda beden öýjüklerine dem almaga mümkinçilik berer.
  • Köpräk arassa suw içmegi ýatdan çykarmaň. Lukmanlar yssy howada günüň dowamynda 2-2.5 litre golaý suw içmegi maslahat berýär. Daşary çykan wagtyňyzda ýanyňyza hökman arassa agyz suw alyň.
  • Şeýle-de gyzyp gelip sowuk suwa düşmek, buz ýaly sowuk içgileri içmekden saklanyň! Bu agyz boşlugynyň, dişleriň, gyzylödegiň, sowuklama keselleriň esasy sebäbidir.

Ýatda saklaň! Gün urmanyň ilkinji alamatlary; ysgynsyzlyk, ýüregiň urşunyň ýygylaşmagy, güýçli kelle agyry, gözüň garaňkylamagy we gaýtarma. Şeýle alamatlar ýüze çyksa hökman lukmana ýüz tutuň!

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok