Türkmenistanda deňiz söwda flotynyň ýük gatnawlary artdyrylýar

2023-nji ýylyň ýanwar – iýun alty aýlygynda Türkmenistanyň deňiz söwda flotunyň gämileri bilen ýük daşamagyň umumy möçberi 1,15 million tonna ýetdi. Bu görkezijini 2022-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 31,4 göterim ýokarlandy diýip, flotuň metbugat gullugy habar berýär. Şeýlelikde, şu ýylyň birinji ýarymynda deňiz söwda floty arkaly ýük daşamak boýunça meýilnama 132,2 göterim ýerine ýetirildi.

2023-nji ýylyň ilkinji alty aýlygynda ýük dolanyşygy 476,838 million tonna bolup, bu geçen ýylky döwür bilen deňeşdirilende, 28,7 göterim artyk. Degişli döwürdeýük dolanyşygy boýunça meýilnama 230,8 göterim ýerine ýetirildi. Hasabat döwründe ýolagçy dolanyşygy geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 100,8 göterim ýokarlandy we tizligi 3,7 million ýolagçy/kilometrden geçdi. Umuman, bu ugurda meýilnamanyň ýerine ýetirilişi 234 göterime ýetdi.

Ýeri gelende belläp geçsek, Türkmenistanyň deňiz söwda flotunda 20 gämi hereket edýär. Deňiz flotunyň esasy işine ýükleri suw üsti bilen daşamak, ýolagçylary, ulaglary, gury ýükleri, nebit we nebit önümlerini daşamak hyzmatlary, şeýle-de edara hyzmatlary degişli bolup durýar.

Berdigylyç ÝAZMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby, 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň işjeň agzasy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok