Sungatym beýgelýär dünýäň öňünde, göwnümiz joşup dur bagtyň deňinde!

27-nji iýun — Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda medeniýet ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilmegine uly ähmiýet berilýär. Garaşsyz Watanymyzda milli taryhy-medeni mirasymyzy aýawly saklamak we öwrenmek, türkmen halkynyň baý medeniýetini dünýä ýüzünde wagyz etmek, her bir raýatyň milli medeniýetiň gymmatlyklaryna elýeterliligini üpjün etmek boýunça giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär.

Ajaýyp zamanamyzyň her bir ýylynda ýurdumyzda Medeniýet hepdeligini geçirmek asylly däbe öwrüldi. Bu medeni baýramçylyk milli medeniýetimiziň, sungatymyzyň täze eýýamda täze ösüşlere beslenýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup dabaralanýar.

Ýurdumyzyň döredijilige dahylly ynsanlaryny bir ýere jemleýän Medeniýet hepdeligi milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösmegine, dünýä derejesine çykmagyna ýardam eder. Çünki bu ýerde medeniýetiň we sungatyň dürli ugurlaryna degişli ussatlaryň jem bolmagy şägirtlere halypalaryndan ussatlyk sapaklaryny özleşdirmäge giň mümkinçilik berýär. Guralan söhbetler, berlen halypalyk öwüt-ündewleri, maslahatlar bolsa Arkadagly Serdarymyzyň aladalary bilen günsaýyn öňe ilerleýän ata Watanymyzyň, bagtyýar zamanamyzyň waspyny ýetirjek has kämil eserleriň döremegine ýol açýar, ylham eçilýär. Şonuň üçin hem Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet gününe bagyşlanan Medeniýet hepdeligine gatnaşýan sungat işgärleriniň ählisi hem ýurdumyzda milli medeniýetimize goýulýan sarpa, döredijilik işgärlerine berilýän aýratyn üns üçin Arkadagly Serdarymyza bimöçber alkyş aýdýarlar.

Medeniýet we sungat işgärleriniň döredijiligine aýratyn hormat-sarpa goýýan, bu ugurda netijeli zähmet çekmek üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, döwletli tutumlary hemişe rowaç bolsun!

Pirmuhammet MYRADOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok