Bäherdende 2,7 milliard ýyllyk daşa öwrülen galyndylar tapyldy!

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlary Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynda Ýer ýüzüniň ilkinji ýaşaýjylarynyň daşa öwrülen galyndylaryny tapdylar. Hünärmenleriň bellemeklerine görä, bu galyndylar mundan 2,7 milliard ýyl ozalky döwre – paleozoý we proterozoý döwürlerine degişlidir.

Etrabyň Gozyldag diýen ýerinde tapylan tapyndylar ýaşy 570 – 230 million ýyl aralygynda hasaplanýar. Ýöne bu ýerde has irki döwre – 2,7 milliard ýyl ozalky döwre degişli bolan ýaşaýyş galyndylary hem tapyldy.

Alymlar toparynyň 9 günlük iş saparynyň netijesinde ýüze çykarylan tapyndylarynyň nusgalary degişli instituta berildi.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok