Berkarar döwletiň daýanjy ýaşlar

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynyň ösüşlere beslenýän günlerinde eziz Watanymyzy gülledip ösdürmekde, ony kuwwatly döwlete öwürmekde ýurduň daýanjy bolan bagtyýar ýaşlarymyz yhlas bilen okaýarlar hem döredýärler. Bu günki gün bilim hem ylym ulgamynyň ýeten derejesi örän ýokary bolup, ol häzirki döwrüň ösen talaby. Ýurdumyzda bu ulgamyň işini döwrebaplaşdyrmak, döwletimiziň ykdysady kuwwatyny artdyrmak, ilatymyzyň döwrebap ýaşaýşyny üpjün etmek, ylmyň-bilimiň pajarlap ösmegini gazanmak arkaly ony dünýä ülňülerine laýyk getirmek derwaýys meseleler hökmünde üstünlikli çözülýär, ulgamyň kanunçylyk-hukuk binýady yzygider berkidilýär. Bular babatda dünýä nusgalyk ägirt uly işleriň durmuşa geçirilmegi ýurt berkararlygyndan nyşan. Ylym-bilimi ösdürmek, ýaş alymlaryň, ussat hünärmenleriň täze neslini kemala getirmek, bilimiň hilini gowulandyrmak ileri tutulýan ugurlardyr. Türkmen ylmyny ösdürmäge hem-de bilim ulgamyny dünýä ülňülerine laýyk getirmäge gönükdirilen oňyn özgertmeler üstünlige beslenýär. Bagtyýar ýaşlaryň bilim hem hünär taýýarlygynyň ýokary göterilmegini, ata Watanymyzyň halkara jemgyýetçiliginiň iň bir kuwwatly ýurtlarynyň birine öwrülmegini üpjün edýär. Bulardan başga-da dünýä tejribesine laýyklykda bilim bermekligiň öňdebaryjy usullary ornaşdyrylyp, ylmyň tutuş dünýäni kämilleşdirýän, daşky dünýä düşünmäge ýol açýan baýlykdygy üns merkezinde saklanýar. Döwletiň ösüşi, ykdysady-syýasy kuwwaty, nurana geljegi ylymly-bilimli ýaşlara baglydyr. Ýurdumyzda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna laýyklykda, bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn düzümi hem kämilleşdirilýär. Sanly ykdysadyýetiň ylym-bilim edaralaryna ornaşdyrylmagy talyp ýaşlara zerur bolan okuw gollanmalarynyň elýeterliligini doly üpjün edýär. Arkadagly Serdarymyz ýaş hünärmenleriň täzeçil we netijeli pikir ýöretmek we ýokary ukyp-başarnygyna eýe bolmalydygyny yzygider nygtaýar. Ýaş nesliň jemgyýetimizi innowasion çözgütler esasynda ösüşiň täze belentliklerine çykarmaga goşýan mynasyp goşandy hem aýratyn bellärliklidir. Häzirki döwürde jemgyýetde amala aşýan düýpli özgerişleriň netijesinde ýaş nesli halkymyzyň milli gymmatlyklaryny, medeni mirasyny, däp-dessurlaryny häzirki döwrüň derejesi bilen utgaşykly alyp barmak, ýaş nesliň döredijilik mümkinçiliklerini ýüze çykarmaklyga esasy mesele hökmünde garalýar. Şeýle bagtyýar hem berkarar döwrümiziň batly gadamlary, şöhratly menzilleri Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda mundan beýläk hem ösüşler bilen kuwwatlansyn!

Altyn KAKAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok