«Argus mineral dökünleri – 2023» atly halkara konferensiýa

2023-nji ýylyň 14-15-nji sentýabrynda «Argus» halkara baha kesgitleýji gullugy türkmen kompaniýalaryny Türkiýäniň Stambul şäherinde geçiriljek «Argus mineral dökünleri – 2023» atly halkara konferensiýa gatnaşmaga çagyrýar.

Bu konferensiýa uly göwrümli öndürijileri, kompaniýalary hem-de Ýewropadan, Aziýadan we Afrikadan tehnologiýa bilen üpjün edijileri bir ýere jemlär.

Belläp geçsek, bu konferensiýanyň geçen ýylky sanynda 20 ýurtdan 250-ä golaý wekiliýet gatnaşdy. Konferensiýada esasan hem Hazar deňziniň we Gara deňziniň eksport bazarlary barada maslahatlaşarlar.

Tirkişmyrat GARÝAGDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok