Çagalaryň tomusky dynç alyş möwsümi başlandy

Tomus paslynyň gelmegi bilen, çagalaryň durmuşynda ýatdan çykmajak gyzykly günler başlanýar. Olar tomusky dynç alyş möwsüminde ýurdumyzyň çar künjeginde hereket edýän çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezlerinde dynç alyp, wagtlaryny şadyýan geçirmäge giň mümkinçilik alýarlar.

Şu gün paýtagtymyzdaky we welaýatlarymyzdaky çagalar sagaldyş, dynç alyş merkezlerinde ilkinji tapgyrda dynç alýan çagalary  ugradyş dabarasy boldy. Dabaralara baş bilim müdirliginiň, iri jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, medeniýet işgärleri, çagalar we olaryň ene-atalary gatnaşdylar.

Şunlukda mekdep okuwçylarynyň ilkinji tapgyrdaky dynç alşy başlandy. Ýigrimi günüň dowamynda sagaldyş, dynç alyş merkezlerinde gyzykly medeni çäreler, sport bäsleşikleri, çeper okaýyşlar guralar. Şonuň ýaly-da çagalaryň gatnaşmaklarynda dürli taryhy-medeni ýadygärliklere, tebigatyň gözel ýerlerine gezelençler guralar. Mahlasy, tomusky dynç alyş möwsüminiň ilkinji tapgyry çagalara ýatdan çykmajak ýakymly pursatlary bagyş eder.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok