Aşgabatda ÝHHG-niň täze edarasy açyldy

1-nji iýunda Aşgabatda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň täze binasynyň açylyş dabarasy boldy. Dabara Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipesini  wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajyýewiň, Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk boýunça guramanyň baş sekretary Helga Şmidtiň we ÝHHG-niň Türkmenistandaky Merkeziniň baştutany Jon MakGregoryň gatnaşmagynda geçirildi.

Aşgabatdaky ÝHHG-niň Merkezi Türkmenistanyň hökümeti we beýleki gyzyklanýan taraplar bilen howpsuzlyk, ykdysadyýet, ekologiýa, adam hukuklary we demokratiýa bilen baglanyşykly birnäçe ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk edýär.

Ýeri gelende belläp geçsek, Aşgabatdaky ÝHHG-niň Merkezi döwlet edaralarynyň wekilleri, jemgyýetçilik guramalary we Türkmenistanyň KHBS üçin maslahatlary, seminarlary, okuwlary we kurslary guraýar.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok