Ajap eýýamyň waspçysy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzda amala aşyrýan belent maksatly işleri netijesinde her bir günümiz uly üstünliklere, toý-baýramlara beslenýär. Bu günki günde Türkmen halkynyň milli Lideri  Gahryman Arkadagymyzyň, peder ýoluny pähim paýhasy bilen dowam etdirýän Arkadagly Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda edebiýat äleminiň şamçyragy Magtymguly Pyragynyň döredijiligini çuňňur öwrenmekde, halka ýetirmekde  dünýä nusgalyk işler durmuşa geçirilýär. Ajaýyp eserleri bilen ynsanlary parahatlyga, dost-doganlyga çagyran ussat şahyryň döredijiligi diňe biziň ýurdumyzda däl eýsem dünýä ýüzünde hem uly gyzyklanma bilen öwrenilýär.

Beýik söz ussadyň edep-terbiýe, ahlak arassalyk, watançylyk temadaky gymmatly eserleri biziň bagtyýar döwrümizde uly ähmiýete eýedir. Magtymguly Pyragynyň eserlerini, beýik akyldar barada ýazyjy-şahyrlaryň, Magtymgulyşynaslaryň, alymlaryň giň göwrümli eserleri häli-şindi metbugatda çap edilip giň okyjylar köpçüligine ýetirilmegi şahyra goýulýan beýik sarpadan nyşandyr.  Her ýyl ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygyrýet gününiň giňden bellenilmeginde hem uly bir many bar. Sebäbi türkmen medeniýeti, edebiýaty barada söz açylanda ilki bilen Magtymguly Pyragy göz öňüňe gelýär. Ol diňe bir öz döwrüniň şahyry bolman, eýsem ähli döwürleriň şahyrydyr.

Şahyryň watançylyk hakyndaky şygyrlary ýaş nesillerimizi watançylyk ruhunda terbiýelemekde gymmatly çeşmedir. Onuň watançylyk, agzybirlik gahrymançylyk, birleşmek hakyndaky  goşgulary edebi-çeperçilik taýdan kämillige eýe bolup türkmen halkynyň kalbynda mydamalyk orun alypdyr. Ol özüniň eserlerinde parahatçylyk, dostluk, hoşniýetlilik ýörelgelerini wasp eden, edep-terbiýe babatynda wagyz-ündew eden şahyr, akyldar, filosofdyr. Onuň her bir şygryny okadygyňça her gezek täze bir dünýä açylýar, gözýetimiň giňeýär. Türkmeniň milli buýsanjy bolan Magtymguly Pyragynyň halkymyzyň asylly däp-dessurlaryny, medeniýetini, sungatyny ösdürmek ugrundaky arzuwlary bu günki günde Gahryman Arkadagymyzyň we  Arkadagly Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda amala aşýar.

Bu günki günde şahyryň döredijiligine bagyşlanyp ýurdumyzyň ähli ýerinde aýdym-sazly dabaraly duşuşyklaryň, edebiýat agşamlarynyň, wagyz-nesihat çäreleriniň geçirilmegi söz ussada goýulýan belent sarpanyň nyşany. Biziň hem Mary welaýat çagalar kitaphanasyň gurnamagynda welaýatymyzyň medeniýet-sungat ussatlary, ýazyjy-şahyrlary, bagtyýar talyp ýaşlary we mekdep okuwçylary bilen yzygiderli döredijilik duşuşyklaryny geçirýäris. Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasly eserlerini we Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanan ajaýyp kitap sergilerini gurnap, ýaş nesilleri watançylyk ruhunda kemala getirmekde, ruhy-ahlak we estetiki taýdan terbiýelemekde netijeli işleri amala aşyrýarys.

Akyldar şahyryň ynsan mertebesi, watansöýüjilik, parahatçylyk, hoşniýetlilik ýaly gymmatly pikirleri şu günki we geljekki nesillerimiz üçin ruhy ýörelgedir. Şahyryň many-mazmunly  goşgulary diňe bir türkmen halkymyzyň arasynda däl eýsem dünýä döwletlerinde hem uly gyzyklanma bilen okalyp, Jemşidiň jamyna deňelýär. Ähli döwrüň şahyry hasaplanýan Magtymguly Pyragynyň döredijiligini dünýä ýüzünde dabaralandyrmakda döwlet ähmiýetli işleri durmuşa geçirýän her bir işde ýol ýörelge, ajaýyp görüm görelde görkezýän Hormatly Prezidentimiziň janynyň sag bolmagyny, ömrüniň uzak bolmagyny, alyp barýan belent maksatly işleriniň dine rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden  arzuw edýärin!

Emine GURBANMYRADOWA,

Mary welaýat çagalar
kitaphanasynyň ýolbaşçysy,
DTP-niň başlygy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok