Bagtyýar çagalaryň Diýary

1-nji iýun — Çagalary goramagyň halkara güni

Biziň her bir günümiz, durmuşymyz, dünýämiz — çagalar bilen owadan. Çagalar Watanymyzyň geljegidir, olar buýsanjymyzdyr, guwanjymyzdyr.

Ýaş nesillerimiziň bilimli, giň dünýägaraýyşly bolmagy üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler bar. Ata Watanymyzyň geljegi bolan körpeleriň döwür bilen aýakdaş gitmegi, döwrebap ösmegi ugrunda uly aladalar edilýär. Şeýle aladalar bilen gurşalýan baldan süýji balalarymyzyň şanyna dünýä ýüzünde baýramçylyk güni uly ruhubelentlikde bellenilip geçilýär.

Ýurdumyzda çagalar barada uly alada edilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesliň ösen ylmy-tehniki tilsimatlardan baş çykaryp bilmegi, öz höwes eden hünäri boýunça bilim almagy üçin ähli şert-mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda çagalar üçin dünýä derejesine laýyk gelýän, häzirki zaman kompýuterleri, interaktiw we multimediýa tehnologiýalary bilen üpjün edilen döwrebap orta mekdepler we çagalar baglary, sport mekdepleri yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilýär. Wagtlaryny hoş geçirmekleri, dynç almaklary, saglyklaryny berkitmekleri üçin Diýarymyzyň gözel ýerlerinde gurlup, ulanylmaga berlen häzirki zaman çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezleri ýaş nesliň hyzmatynda. Munuň özi olaryň bagtyýar durmuşyny üpjün etmek ugrundaky aladadan nyşandyr.

Goý, nurana geljegimiz bolan çagalaryň şadyýan gülküleri abadan, asuda ýurdumyzda mydama ýaňlanyp dursun! Munuň üçin ähli şert-mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun!

Şöhrat BEGLIÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok