Kompýuter tehnologiýalary – kämil ösüşe esasdyr

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Hormatly Prezidentimiziň belent başlangyçlary bilen rowaçlanýan ýurdumyzda oňyn ösüşler gazanylýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ykdysadyýetiň ähli pudaklarynda kämil kompýuter tehnologiýalary giňişleýin esasda ornaşdyrylýar. Bu bolsa döwlet dolandyryşyň hem-de halkymyza edilýän dürli sanly hyzmatlaryň halkara ülňülerine laýyk getirilmegine uly şert döredýär. Milli ykdysadyýetiň pudaklaryna sanly ulgamyň mümkinçilikleriniň ornaşdyrylmagyna şeýle uly ünsüň berilmegi «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem aýratyn orun berilýär. Bu ugurda amal edilýän giň möçberli maksatnamalaýyn işler üstünlige beslenýär. Iň döwrebap usullar arkaly ýola goýulýan iri taslamalar ýurt ösüşiniň möhüm binýadyny emele getirýär. Häzirki wagtda sanly ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösýän şertlerinde dürli önümçilikde we hyzmatlar ulgamynda ýokary çeýeligi üpjün etmäge ýardam berýär. Ýörite sanly hyzmatlardan peýdalanmak üçin gerek bolan resminamalary elektron görnüşde doldurmak we elektron görnüşde bermek, maglumaty elektron görnüşde almak hem-de tölegi elektron görnüşde girizmek sanly ösüşi üpjün edýär. Häzirki döwrüň tiz ösýän şertlerinde sanly ulgamyň mümkinçiliklerini özleşdirmekde we durmuşa geçirmekde döwür bilen deň gadam urmak netijeli özgertmelere badalgadyr. Öňdebaryjy tehniki serişdeleriň toplumyny özleşdirmek we oňa erk etmek döwrebap derejede bilim bermekligi şertlendirýär. Şeýle hem maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň giňden ulanylmagy arkaly ýola goýulýan hyzmatdaşlyklar, aragatnaşyk hem aňsatlaşýar. Ýurdumyzda elektron senagatynyň ösmegine, milli ykdysadyýetiň täze derejä çykmagyna uly şertleriň döredilmegi ýurdumyzy milli ykdysadyýetde sanly ulgamy ulanmakda öňdebaryjy döwletleriň derejesine çykarmaga itergi berýär. Hormatly Prezidentimiziň alyp barýan şeýle oýlanyşykly hem parasatly döwlet syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimizi has-da ösdürmekde we döwrebaplaşdyrmakda, oňa kompýuter tehnologiýalaryny içgin ornaşdyrmakda zerur şertleriň döredilmegi eziz ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşini has-da ýokary derejelere ýetirýär. Türkmenistan diýarymyzy täze-täze ösüşlere, belent sepgitlere, şanly ýeňişlere besleýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, beýik işleri hemişe rowaçlyga beslensin!

Gülbilbil MEŇLIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok