Täze sport üstünliklerine, belent maksatlara tarap

Berkarar döwürde Türkmenistan Watanymyz ähli ugurlar babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli amala aşyrmak bilen, ertirki gününe, nurana geljegine ynamly garaýar. Ýurdumyzyň häzirki ösüşini we rowaçlygyny, halkymyzyň abadançylygyny üpjün etmek, her bir adamyň mümkinçilikleriniň amal edilmegini gazanmak oňyn häsiýete eýe bolýar. Ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýä ölçegleriniň derejesine çykarmakda Arkadagly Serdarymyzyň saýasynda amala aşyrylýan işler bu gün özüniň miwesini berýär. Durmuş howpsuzlygyny, lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini we elýeterliligini ýokarlandyrmagy, sportuň, sagdyn iýmitlenmegiň ösdürilmegini, ekologiýa, ýaşaýyş-durmuş şertlerini, hukuk goraglylygyny we beýlekileri öz içine alýan döwlet maksatnamalary durmuşa geçirilýär. Çünki sagdyn jemgyýet – bu ruhubelent we maksada okgunly adamlaryň jemgyýetidir. Şeýle ýurtda durnukly durmuş-syýasy ýagdaý hem-de durnukly ösüş, emele gelýär. Sagdyn hem işjeň durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmagy, köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketini giňden wagyz etmegi, milletiň medeni we ruhy maýasyny artdyrmagy ugur edinýän asylly çäreler raýatlarymyzy, ýaş nesilleri ruhubelentlige besleýär. Ýaşlary sport bilen meşgullanmaga höweslendirmek, olarda watançylygy terbiýelemek, ruhy-ahlak taýdan ösdürmek boýunça anyk çäreler görülýär. Ilatyň saglyk ýagdaýy onuň zähmete ukyplylygyna gönüden-göni baglydyr, bu bolsa döwletiň ykdysady işjeňligine uly täsir edýär. Raýatlarynyň saglygy baradaky aladanyň esasynda öz wagtynda lukmançylyk hyzmatlary ýola goýulýar. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ilatyň saglygyny goramak meseleleri, sporty ösdürmek durmuş-ykdysady ösüşiň ähli ugurlaryny gurşap aldy. Saglygy goraýyş syýasaty daşky gurşawy goraýyş ulgamynda, ykdysady we bilim syýasatynda, medeni hem-de ruhy ulgamda, sportda berk berjaý edilip, ol adamlaryň beden we ruhy taýdan doly sagdyn bolmagy üçin ähmiýetli bolan ähli ugurlary öz içine alýar. Şeýle hem ol esasy durmuş gymmatlygy bolan ynsan saglygyny berkitmek, olaryň beýik maksatlara bolan ynamyny, beýik ruhuny döretmegi şertlendirýär. Köpçülikleýin bedenterbiýe we sport hereketi ýurdumyzyň azyk ulgamynyň düzüminiň gowulandyrylmagy, arassaçylyk-ekologiýa kadalarynyň üpjün edilmegi, durmuş hem-de dynç alyş şertleriniň ýokarlandyrylmagy we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň berkarar bolmagy oňyn ösüşe täsir edýär. Sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmek, ilaty köpçülikleýin bedenterbiýä we sporta çekmek ýurdumyzda amala aşyrylýan çäreleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygynyň hem-de bu ugurda ýokary görkezijilere eýe bolmak ugrunda zerur şertleriň döredilýändiginiň aýdyň nyşanydyr.

Gözel MURADOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok