Ady äleme dolan gözel Aşgabat şahyrlaryň şygyrlarynda, sungat ussatlarynyň aýdymlarynda giňden wasp edilýär. Joşgunly köňüllerde täze-täze eserler, aýdymdyr sazlar döreýär. Merjen paýtagtymyzyň ady dillerde dessan bolup ýaňlanýar.
Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallasy bilen paýtagtymyzda ýaýbaňlandyrylan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde gurulýan täze binalar, öňdebaryjy tehnologiýalar bilen üpjün edilen orta we ýokary okuw mekdepleri, döwrebap çagalar baglary, sport toplumlary, dynç alyş we döredijilik merkezleri ýaş nesliň döwrebap bilim almaklary, döredijilik, sport bilen meşgullanmaklary üçin ajaýyp mümkinçilikdir we olaryň dürli ugurlarda zehinleridir ukyplaryny açyp görkezmeklerinde uly ähmiýete eýedir.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň belent ruhuna, ägirt uly özgertmeleriniň özboluşly manysyna öwrülen, gözelligi we täsinligi bilen haýran galdyrýan ak şäherimiziň beýik ösüşleri berkarar Diýarymyzyň iň täze taryhy bilen aýrylmaz baglydyr. Paýtagtymyz türkmen döwletiniň kemala gelşiniň esasy menzillerini, geçmişini we şöhratly şu gününi aýdyň beýan edýär. Bu taryhy sene golaýlaşdygyça, ak şäherimiz barha gözelleşýär, ösýär we özgerýär. Aşgabadyň baýramçylyk bezegleri edara binalaryň öňünde, şaýollaryň ugrunda goýlan dürli şygarlar bilen utgaşyp, şanly toýuň habaryny buşlaýar.
Goý, ata Watanymyzy, gözel paýtagtymyzy ösüşlerden ösüşlere alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak, amal edýän beýik işleri dowamata dowam bolsun!
Mahym BABAÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler