Ak mermerli Aşgabadyň barha özgerýän nurana keşbi hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň baş şäherini mundan beýläk hem hemmetaraplaýyn ösdürmek barada edýän taýsyz tagallalaryndan, döwletli tutumlaryndan gözbaş alýar.
Häzirki wagtda Aşgabadyň möhüm düzüm bölegini düzýän desgalar, daş-töweregi döwrebap abadanlaşdyrylan jemgyýetçilik binalary, suw çüwdürimlerine beslenen seýilgähler, ýaşyl zolaklar özara sazlaşygyň ajaýyp nusgasyny kemala getirýär, ak mermerli şäheriň gözelligini artdyrýar. Geçen sanlyja ýylyň içinde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde bolşy ýaly, paýtagtymyzda hem birnäçe döwrebap binalaryň hatarynda halkara derejeli myhmanhanalaryň, Söwda we dynç alyş merkezleriniň, seýilgähleriň, ýerasty geçelgeleriň, awtomobil ýollarynyň toplumlaýyn gurulmagy gurluşyk pudagynda uly üstünlikleriň gazanylmagyny hem şertlendirdi. Elbetde, munuň özi halkymyz, myhmanlardyr syýahatçylar üçin köpugurly ýaşaýyş we dynç alyş şertleriniň üstünlikli ýola goýulýandygyny aňladýar.
Türkmen döwleti bu gün dünýäniň ençeme ýurtlaryny, halklaryny birikdirýän, dost-doganlyk gatnaşyklaryna, hyzmatdaşlyga şert döredýän, ajaýyp taslamalary amala aşyrýar, ýollary, şäherleri, ajaýyp myhmanhanalary gurýar. Sebitiň merjen şäherine deňelýän gözel paýtagtymyz Aşgabat bolsa gözümiziň alnynda barha giňäp, gözel görke eýe bolup, gözelligiň dürdänesine öwrülýär. Gurulýan desgalarda sazlaşykly binagärlik-gurluşyk işleriniň tapgyrlary, ýokary dünýä ölçeglerini we innowasiýalary netijeli ulanmak babatdaky wezipeler üstünlikli çözgüde eýe bolýar.
Goý, eziz Watanymyzy, mähriban paýtagtymyzy ösüşleriň aýdyň ýoly bilen öňe alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, başy dik bolsun, il-ýurt ähmiýetli belent maksatlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
Merdana ÇOPANOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler