Bilim ulgamyny ösdürmegiň netijeli ugurlary

«Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar» ýylynda Türkmenistan diýarymyzda häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, bilim ulgamyny ösdürmekde, täze derejä çykarmakda örän baý tejribe toplanyldy. Bu ulgama iň täze kompýuterler, okuw-tehniki enjamlary, interaktiw-multimediýa tehnologiýalary ornaşdyrmak oňyn häsiýete eýe bolýar. Döwrebap okuw binalarynyň, çagalar baglarynyň we çagalar dynç alyş-sagaldyş merkezleriniň gurulmagy, halkara guramalar, dünýäniň esasy ylym-bilim merkezleri bilen hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi, daşary ýurt dillerini okatmagyň kämilleşdirilmegi döwletimiziň bu ulgamy düýpli özgertmäge aýratyn üns berýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Döwletimiz ýaş nesilleriň kämil derejede bilim-terbiýe alyp, eziz Watanymyza we halkymyza mynasyp hyzmat etmegi, yhlasly döretmegi, zähmet çekmegi üçin ähli şertleri döredýär. Çünki merdana halkymyzyň şöhratly taryhyny bilýän, ýurdumyzyň gazanýan uly üstünliklerine buýsanýan, ylymly-bilimli, kämil hünärli, watansöýüji ýaşlary ýetişdirmek döwrüň talabydyr.

Arkadagly Serdarymyzyň uly aladalary netijesinde ýurdumyzda häzirki zaman enjamlary bilen enjamlaşdyrylan orta, orta hünär, ýokary okuw mekdepleriniň ajaýyp binalarynyň gurluşygyna aýratyn üns berilýär. Bilim pudagynyň döwrebaplaşdyrmagyň çäklerinde sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda uly işler alnyp barylýar. Öwredilýän daşary ýurt dilleriniň sanawyny artdyrmak köpugurly halkara gatnaşyklarynyň gerimini giňeldýär. Ýurdumyzyň ýaşlarynyň dürli ders ugurlary boýunça geçirilýän abraýly halkara bäsleşiklerinde ýylyň-ýylyna uly üstünlikleri gazanmagy bolsa bilim ulgamynda amala aşyrylýan täzeçil özgertmeleriň oňyn netijesidir. Ýurdumyzda ýaş hünärmenleriň döredijilik mümkinçiliklerini açmak, olaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak babatda degişli işler geçirilýär. Ýurdumyzyň ençeme bilim edaralary daşary ýurtlardaky onlarça okuw mekdepleri bilen ýakyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny hem alyp barýarlar. Munuň özi, dünýäniň ähli künjeginiň ýaş nesilleriniň wekillerini birleşdirmek bilen, olara ylmy gözlegleriň dürli amaly görnüşlerinde gymmatly tejribeleri alyşmaga mümkinçilik berýär. Iň täze bilim usullaryny we maglumat tehnologiýalaryny özleşdirýän ýaş nesilleriň kemala gelmegi ata Watanymyzyň özgertmeler ýoly bilen has hem öňe ilerlemegine, halkara abraýynyň artmagyna uly ýardam edýär.

Nurmuhammet DURDYÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok