Türkmenbaşy şäherinde mekdep okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşigi geçirildi

Ýaňy ýakynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Türkmenbaşy geňeşi, Türkmenbaşy Bilim bölümi bilen bilelikde Dana bilim merkeziniň Türkmenbaşy şahamçasy “Konstitusiýa we Döwlet Baýdagy” baýramçylygy mynasybetli, mekdep okuwçylaryň 8-nji, 9-njy synplarynyň arasynda Iňlis dili dersi boýunça “Bilim bilen hikmet-altyndan gymmat” atly ders bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşik Türkmenbaşy Halkara deňiz portunda geçirildi. Bu bäsleşige şäheriň orta mekdepleriniň 15 sanysyndan jemi 90 okuwçy gatnaşyp öz aralarynda bäsleşdiler.

Bäsleşik 2 tapgyrdan ybarat bolup, 1-nji tapgyry grammatikadan we 2-nji tapgyry diňlemek-ses duýgurlygy boýunça geçirildi.

Bäsleşikde 1-nji oruna, 10-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Aýlar Myradowa, 2-nji oruna, 5-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Araztäç Ilmyradowa, 3-nji oruna bolsa, şäheriň 2-nji orta mekdebiniň 8-nji synp okuwçysy Patma Aşyrowa mynasyp boldular.

Bäsleşige gatnaşan okuwçylaryň ählisine Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy we Dana bilim merkezi tarapyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.

Şeýle bäsleşikleri geçirmekde, guramaçylyk işlerini üstünlikli alyp barýanlygy üçin Dana bilim merkeziniň Türkmenbaşy şahamçasy işjeňlik gözkezýär.

Allamyrat GAPUROW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet Uniwersitetiniň talyby

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok