Arkadag şäheri dünýä nusgalyk şäher

Arkadag şäheri häsiýetlendirilende, «akylly» şäher diýen düşünje janlanýar. Onuň tüýs bu baha rowadygyny bilermenler, tejribeli arhitektordyr dizaýnerler gürrüňsiz tassyklaýarlar. «Akylly» şäher konsepsiýasynyň durmuş hakykaty bu ýerde gül-gül açýar.

Türkmenistan bu şäheri gurmak bilen, ösüş arkaly parahatçylygy äleme jar edýär. Gurýan ýurduň gurpludygyny Arkadag şäheri tassyklaýar. «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen ada eýe bolan Milli Liderimiziň ýiti zehinine şäher şaýollary bilen gidip barşyňa ýene bir gezek ýakyndan şaýat bolýarsyň. «Akylly» şäher Arkadagymyzyň akyl-paýhasyndan bina-binýat bolýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň pähim-paýhasy bilen türkmen tebigatynyň gözel künjekleriniň birinde bina edilen Arkadag şäheri berkarar döwletimiziň güýç-kuwwatyny we ägirt uly ösüş mümkinçiliklerini bütin dünýä äşgär edýär. Arkadag şäheri hemişelik Bitaraplygymyzyň üstünliklerini görkezýän, ýurdumyzyň esasy medeni, ylmy merkezine öwrülýär. Bu şäherde «akylly» tilsimatlar ulanylýar.

Täze şäher pederlerimiziň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan ýerinde, Türkmenistanyň iň gadymy künjekleriniň birinde gurulýar. Şol bir wagtyň özünde, bu şäherde Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň täze taryhy eýýamynda ýeten sepgitleri öz beýanyny tapýar. Arkadag şäheri ýurdumyzyň iri ylym-bilim, medeni we halkara merkezi bolar.

Mämmetoraz NURYÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok