Sanly ulgam – kämil ösüşiň esasy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda alnyp barylýan asylly işler halkymyzyň bagtyýar durmuşyny, beýik geljegini nazarlaýar. «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasy» ýurdumyzyň ähli pudaklaryny üstünlikli netijeler bilen gurşap aldy. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz döwrüň talaby bolan sanly ulgamyň belent sepgitlerini nazarlap ösüşlere eýe bolýar. Sanlylaşdyrmak arkaly tutuş jemgyýeti hem kämilleşýär. Sanly ulgamyň ornaşdyrylmagy arkaly elektron dolanyşygyna geçilýär, saglygy goraýyş, ylym-bilim, medeniýet, senagat, oba hojalyk, halk hojalygy, nebitgaz pudaklarynda hem sanly dolanyşyga geçmeklik ýokary derejede ýola goýulýar. Ilata edilýän durmuş hyzmatlaryny sanlylaşdyrmak esasynda oňyn ösüşi üpjün etmek ileri tutulýan möhüm wezipedir. Şäher ilatynyň amatly durmuşy, netijeli zähmeti, bilim almagy, doly derejeli dynç alşy, sport we döredijilik bilen meşgullanmaklary üçin ähli mümkinçilikleri üpjün etmek üçin şäher gurşawynda doly derejeli üpjünçiligiň ýola goýulmagy sanlylaşdyrmagyň möhüm şertidir. Ylym-bilim ulgamynda alnyp barylýan işler sanly ulgamy ösdürmäge esas döredýär. Yzygider gurulýan döwrebap kitaphanalaryň sanlylaşdyrylmagy ýaş nesliň okamak mümkinçiliklerini düýpli özgerdýär we elektron görnüşdäki kitaplaryň elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Innowasion tehnologiýalar kitaphana hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyryp okyjylaryň gyzyklanmalaryny artdyrýar we täze mümkinçilikleri açýar. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan giň möçberli özgertmelere we sanly ykdysadyýet konsepsiýasyna laýyklykda, ylym, bilim ulgamyndaky ösüşler pugtalanýar. Ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki bilim edaralarynda kämil enjamlaryň ornaşdyrylmagy ylymly-bilimli, ösen tehnologiýalardan baş çykarýan ýaş nesli kemala getirmäge şert döredýär. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda döwrüň esasy talaby hökmünde sanly ulgamy giňden durmuşa ornaşdyrmaklyga aýratyn ähmiýet berýär, sanly ulgam arkaly ýerine ýetirilen işler bilen tanyşýar we bu babatda ýörite tabşyryklary berýär. Elbetde munuň özi, häzirki innowasiýalaryň ösen eýýamynda sanly ulgamyň biziň ýurdumyzda ýokary derejede ösdürilýändiginden habar berýär. Şeýle ajaýyp döwürde ata Watanymyzy gülledip ösdürmekde, halkara derejesindäki abraý-mertebesini has hem artdyrmakda uly işleri alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys!

Leýli SOLTANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 4-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok