Sanly ulgamyň netijeli ösüşi gazanylýar

Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, milli ykdysadyýetiň pudaklarynda sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak arkaly netijeli ösüşler gazanylýar. Ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen ýola goýulýan işler kämil özgerişe badalga berýär. Şeýle hem «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa geçirmegiň çäklerinde ýurdumyzyň orta, orta hünär we ýokary okuw mekdeplerinde sanly bilim ulgamynyň has hem içgin ornaşdyrylmagy üpjün edilýär, programma üpjünçiligi, onuň binýadynda sanly bilim portallary işlenip taýýarlanylýar. Elektron poçta, elektron resminama, uzak aralykdan bilim almak, ylmy işler, okatmagyň elektron serişdeleri, bäsleşikler, maslahatlar, forumlar, okuw kitaplary, okuw gollanmalary, sözlükler ýaly bölümleri özünde jemleýän sanly bilim portaly sanly ösüşlere şert döredýär. Bilim ulgamynyň giň gerim bilen döwrebaplaşdyrylmagy ýaşlara berilýän bilimiň hiliniň has-da ýokarlanmagyna şert döredýär. Sanly bilim we ösen innowasiýa tehnologiýalaryndan peýdalanmak arkaly bagtyýar ýaşlar halkara derejesinde geçirilýän dürli bäsleşiklere, internet olimpiadalaryna gatnaşyp, oňat netije gazanyp, ata ýurdumyzyň at-abraýyny has hem belende galdyrýarlar. Innowasiýalaryň barha giň gerim bilen ösýän zamanasynda dünýäniň ösen döwletleriniň kämil hem öňdebaryjy tehnologiýalary, akylly enjamlary giňden ornaşdyrylýar. Bilim ulgamynda ýola goýulýan işler ylymly-bilimli, giň gözýetimli, täzeçe pikirlenmegi başarýan, döwrüň ösen talaplaryndan peýdalanyp innowasiýalara esaslanýan ykdysadyýeti ösdürmäge goşant goşup bilýän ýaşlary kemala getirmek möhüm wezipe bolup çykyş edýär.

Umumadamzat bähbitli şeýle belent wezipeleriň üstünlikli çözülmegi, ýaşlaryň kämil bilim almagy, okamagy, döredijilikli zähmet çekmegi, sanly ulgamyň ýokary derejede ösdürilmegi ugrunda uly işleri alyp barýan Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, döwletli başlangyçlarynyň hemişe rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuw edýäris!

Meşhur JORAÝEW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň 3-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok