Ajaýyp zamanamyzyň her bir güni ösüş-özgerişlere, buýsançly wakalara beslenýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan hem-de Arkadagly Serdarymyzyň mynasyp dowam etdirýän asylly işleri halkymyzyň hal-ýagdaýyny, durmuş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendir. Sebitde ilkinji gezek «akylly» şäher konsepsiýasyna esaslanylyp, innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly bina edilýän Arkadag şäheri hem bu hakykatyň aýdyň nyşanydyr.
Şäherde gurulýan desgalaryň daşky we içki bezeglerinde milli binagärlik däpleriniň şekillendirilmegi, ýanaşyk ýerleriň göwnejaý abadanlaşdyrylmagy, ugurdaş düzümleriň, seýilgäh we dynç alyş zolaklaryň döredilmegi, döwrebaplygy, şäherde işlemek we dynç almak üçin ähli zerur şertleriň üpjün edilmegi iň häzirki zaman düzümi özünde jemleýän durmuş gurşawynyň kemala getirilmegine mümkinçilik döredýär. Şäher gurluşygynda iň täze ýörelgeleri özünde jemleýän Arkadag şäheri ýurdumyzyň iri ylym-bilim, medeni we halkara merkezi bolar. Täze şähere ýurdumyzyň taryhynda ilkinji gezek döwlet ähmiýetli şäher derejesiniň berlendigi guwandyryjy ýagdaýdyr. Bu barada 2023-nji ýylyň 23-nji martynda kabul edilen «Arkadag şäheri hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda beýan edilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň parasatly başlangyçlary esasynda «akylly» şäher konsepsiýasyna laýyk gelýän çözgütleriň bir bölegi soňky ýyllarda paýtagtymyzyň täze ýaşaýyş toplumlarynda ornaşdyrylyp başlandy. Şeýle şäherler diňe häzirki däl, eýsem, geljekki nesilleriň hem ýokary isleglerini kanagatlandyrmak bilen, ýaşaýşyň hilini gowulandyrar, täze ykdysady mümkinçilikleri açar.
Çemen REJEPOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler