XVIII asyr türkmen şygryýetiniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyraga bagyşlanan memorial toplum ýarym asyrdan gowrak wagt bäri Aşgabadyň taryhy merkezinde – Magtymguly şaýoluna görk berýär. Şahyryň heýkeli çal bazaltdan çapylan, tebigy heýkeliň suduryna kybap tebigy daşdan gurlan kompozisiýa onuň binýadydyr.
Akyldar şahyryň ýadygärligi 1970-nji ýylda aşgabatly binagärler bütinsoýuz bäsleşikde ýeňiş gazanan Wladimir Wysotiniň, Wiktor Kutumowyň we minskili heýkeltaraş Wiktor Popowyň taslamasy boýunça guruldy. Ýadygärligi döretmäge ermenistanly daş ýonujylar S. Grigorýan we G. Oganesýan gatnaşdylar.
Ýadygärlikde žiwopisçi Aýhan Hajyýewiň 1947-nji ýylda döreden, şondan bärem kitaplardyr gazetleriň we žurnallaryň sahypalarynda, poçta bukjalarynda, markalarda, nyşançalarda, şeýle hem halylarda beýanyny tapan portreti esas edilip alyndy. Sungaty öwrenijileriň pikirine görä, bu ýadygärlik Türkmenistanyň monumental sungatynyň naýbaşy eserleriniň biri bolup, portret heýkeltaraşlygynyň ösüşinde uly tapgyr boldy.
Dogrusyny aýtsak, heýkeltaraşlar beýik şahyryň watany Sumbar jülgesiniň tebigatynyň owadan künjegini ýada salýan gurşaw döretmegiň hötdesinden gelipdirler.
Gülsere MURADOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler