Baş Kanunym — baky bagtym, ýaşyl Tugum — dünýä ýalkym!

Bag­ty­ýar­ly­ga bes­le­nen eziz Di­ýa­ry­myz­da Kons­ti­tu­si­ýa­my­zyň hem-de Döwlet baýdagymyzyň gününiň giň­den bel­le­nil­me­gi­niň çuň ma­ny-maz­mu­ny bar. Çün­ki hal­ky­myz­da Kons­ti­tu­si­ýa­my­za we Döw­let baý­da­gy­my­za gym­mat­lyk hök­mün­de ga­ra­lyp, be­lent sar­pa go­ýul­ýar. Yk­rar edi­len Esa­sy Ka­nu­ny­myz jem­gy­ýe­ti­mi­ziň we döw­le­ti­mi­ziň iň ýo­ka­ry gym­mat­ly­gy hök­mün­de ra­ýat­la­ryň hu­kuk­la­ry­nyň we azat­lyk­la­ry­nyň go­ra­gy­ny ke­pil­len­dir­ýär. Hal­ky­my­zyň mil­li buý­san­jy­na öw­rü­len ýa­şyl baýdagymyz jem­gy­ýe­ti­mi­ziň ag­zy­bir­li­gi­ni, bag­ty­ýar­ly­gy­ny, bi­te­wü­li­gi­ni, yn­san­per­wer­lik gym­mat­lyk­la­ry­na, dö­re­di­ji­lik ýö­rel­ge­le­ri­ne üýt­gew­siz yg­rar­ly­dy­gy­ny ala­mat­lan­dyr­ýar.

Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan ynsan mertebesiniň ýokary derejede goralýan ýurdudyr. Bu barada Esasy Kanunymyzda: «Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adamdyr» diýip bellenilýär. Konstitusiýamyzyň «Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary we borçlary» diýlip atlandyrylan tutuş bir bölümi hem şoňa bagyşlanandyr. Konstitusiýa adamyň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, abraýynyň we mertebesiniň goralmagyny, jemgyýetiň her bir agzasynyň hal-ýagdaýynyň ýokary derejede üpjün edilmegini kepillendirýär.

Konstitusiýa halkymyzyň ynsanperwerlik, adalatlylyk, demokratik ýörelgeleriniň beýanydyr. Baýdak bolsa halkymyzyň däpleriniň, adatlarynyň görkezijisidir. Halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň mizemez bu mukaddeslikleri dünýä halklaryny dost-doganlyga, hoşniýetlilige çagyrýar, döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk ýörelgelerini äleme ýaýýar.

Tugumyz dünýäde iň owadan baýdaklaryň biridir. Oňa ata-babalarymyzyň ruhy siňendir. Dillerimiziň senasy, gözlerimiziň guwanjy bolan Baýdagymyzyň nyşanyny döşümize dakyp, oňa buýsanyp gezýäris. Bu döwlet nyşanynyň şekili, many-mazmuny türkmen halkynyň taryhy we medeni-ruhy mirasynyň özboluşly aňlatmasydyr.

Adalatlylygyň, abadançylygyň, parahatçylygyň nyşany bolan ýaşyl Tugumyz mydama belentde buýsançly parlasyn! Mizemez kanunçylyk binýatly Türkmenistan Watanymyzyň toýlary toýa ulaşsyn! Goý, Diýarymyzyň şöhrat-şany, ýaşyl Tugumyzyň mertebesi dünýä ýaýylsyn! Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent maksatly tutumly işleri rowaç bolsun!

Şeker KADYROWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok