17-nji maýda Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary üçin saýlaw möwsümi başlar!

16-njy maýda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparynyň mejlisi geçirildi. Mejlisde: Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk görmek we ony guramaçylykly geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny tassyklamak;

Saýlaw möwsüminiň 2023-nji ýylyň 17-nji maýynda başlanýandygyny yglan etmek;

Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary boýunça taýýarlanylan gollanmalary we beýleki resminamalary tassyklamak baradaky meselelere seredildi.

Gün tertibinde goýlan meseleler Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparynyň agzalary tarapyndan sese goýlup, biragyzdan karar kabul edildi.

Merkezi toparynyň karary esasynda ertir — 17-nji maýdan saýlaw möwsümi başlanýar we Aba Annaýew şäherçesiniň geňeş agzalarynyň saýlawlary Türkmenistanyň Saýlaw koddeksine we meýilnama laýyklykda 2023-nji ýylyň 23-nji iýulynda geçiriler.

Başga Habarlar

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok