Beýik Ýeňişiň 78 ýyllygyna bagyşlanan film: «Daragt»

Golaýda, Sahysalyh Baýramowyň režissýorlygynda surata düşürilen «Daragt» atly çeper film ýüreklerimizde ýakymly duýgulary oýardy. Filmiň edebi esasyny Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri Akmyrat Rejebow ýazdy.

Uruş döwrüniň wakalaryndan söhbet açýan çeper filmiň ady «Daragt» diýlip atlandyrylan hem bolsa, kinofilmiň içinden eriş-argaç bolup geçýän pikiri adamlaryň beýik Ýeňşe bolan ynamy, aýdyň geljege bolan umydydyr. Çeper filmiň wakalary turuwbaşdan edebi yzaçekilme bilen başlanýar. Guran erik agajynyň çapylmagyna ýyllarboýy garşy çykan Näzik daýza her gezek şol teýeneli sözleri eşidende, urşa giden ýanýoldaşynyň sargydyny ýatlap: «Güllär! Ol hem gaýdyp geler. Ol maňa söz berdi» diýen umyt bilen ýaşaýar.

Ýakubyň, Näzigiň, tylda zähmet çeken aýal-gyzlaryň, beýik Ýeňşiň hatyrasyna baryny bagyş eden eneleriň ynam-yhlasy filmde ynandyryjylykly beýan edilýär. Filmiň ahyrynda daragtyň güllemegi, merdana gerçegiň gaýdyp gelmegi bilen bagly wakalar beýik Ýeňşiň ruhy bilen bitewi bir ulgamy emele getirýär. Bir söz bilen aýdanyňda, halkyň ynamy beýik Ýeňşe getirýär.

Oguzhan adyndaky «Türkmenfilm» birleşiginiň Beýik Ýeňişiň 78 ýyllygynyň bellenilen günlerinde görkezilen täze filmi ony döredijileriň aýdyşy ýaly, täsirli we ýüreklere ýakyn çykdy. Bu çeper film nurana umytly, röwşen arzuw-islegleriň hasyl bolşunyň durmuş pelsepesini täsin röwüşde açyp görkezýär.

Gülsähra ANNADURDYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky 
Türkmen milli dünýä dilleri 
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok