Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy

Türkmenistan 1993-nji ýylyň 17-nji awgustynda Londonda degişli resminamany ratifisirlemek arkaly ÝUNESKO-nyň doly hukukly agzasy boldy. 1994-nji ýylda Türkmenistan ÝUNESKO-nyň «Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak baradaky» Konwensiýasyna goşuldy. Häzirki wagtda Türkmenistanyň çäginde taryhy we medeniýet ähmiýetli 1000-den gowrak ýadygärlikler ýüze çykaryldy we hasaba alyndy.

ÝUNESKO Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça ýöriteleşdirilen edarasydyr. ÝUNESKO-nyň esasy maksatlarynyň arasynda bilim, ylym we medeniýet ulgamynda ýurtlaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňeldilmegi arkaly parahatçylygyň we howpsuzlygyň ösdürilmegi esasy orun alýandyr. ÝUNESKO medeni ýadygärlikleriň we tebigy landşaftlaryň gorap saklanylmagy ulgamyndaky halkara hereketlerinde öňpdebaryjy ähmiýeti eýeleýändir, her bir halkyň umumadamzat gymmatlyklaryna we gazananlaryna hormat goýmak esasynda açyk gepleşikler üçin şert döretmek babatynda işleri alyp barýandyr. ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasy Fransuz Respublikasynyň Pariž şäherinde ýerleşýär.

1995-nji ýylda Pariž şäherinde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky wekilhanasy açyldy. Tähranda ýerleşýän klaster (sebit boýunça) edarasy ÝUNESKO-nyň Türkmenistan bilen alyp barýan işleriniň utgaşdyrylmagynyň meselelerine seredýändir.

Häzirki günlerde Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň agzalygyna kabul edilmeginiň 30 ýyllygy we bu abraýly halkara guramasynyň «Maddy däl medeni mirasy goramak hakyndaky» Konwensiýasynyň kabul edilmeginiň 20 ýyllygy mynasybetli Diýarymyzda dabaralar, ylmy-amaly maslahatlar giňişleýin geçirilýär.

Çemen KAKALYÝEWA,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok