Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyz ylmy esasda öwrenilýär. Türkmen halkynyň edebi mirasynyň genji-hazynasy bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiligi bu günki günde dünýä alymlarynyň hem ünsüni özüne çekýär. Türkmen we dünýäniň tanymal alymlary türkmen nusgawy edebiýatynyň görnükli wekili Magtymguly Pyragynyň döredijiligini ylmy taýdan öwrenmekde köp işleri bitirdiler. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary birnäçe dillere terjime edilip, dünýä edebiýatynda mynasyp orna eýe boldy.
Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiligi köpöwüşginliligi, baý edebi mirasy bilen dünýä edebiýatynyň genji-hazynasy hasaplanýar. Onuň şygyrlarynda agzybirligiň, asudalygyň, dost-doganlygyň waspy, adamzadyň edebi-medeni gymmatlyklary öz beýanyny tapýar. Ahlaklylyk, mertlik, adamkärçilik, salyhatlylyk, watançylyk we beýleki ynsan durmuşynyň gymmatlyklary şahyryň şygyr setirlerinde özboluşly şöhlelenýär. Umumadamzat şahyry hökmünde ykrar edilen Magtymguly türkmen halkynyň kalbyny, ruhy dünýäsini öz goşgy setirlerinde beýan edip bilen şahyrdyr.
Magtymguly Pyragy milletiň ykbaly, adamzat ahlagy hakyndaky çuňňur pikirlerini döredijiligine siňdirip, ynsany söýmek, onuň mertebesini belent saklamak ýörelgesini öňe süren beýik akyldardyr. Şahyr öz döredijiliginde adamzada mahsus bolan iň gymmatly häsiýetler hökmünde watansöýüjiligi, halkyňy söýmegi, päkýürekliligi, il-ulsa eliňden gelen ýagşylygy etmegi, myhmansöýerligi, lebzihalallygy, ýamanlykdan daşda bolmagy, agzybirligi şöhlelendirýär. Ynsana gelişmeýän ýaramaz gylyk-häsiýetleri — harsydünýäligi, zorluk-sütemi, betpälligi, namartlygy ýazgarýar.
Gülsenem ÖDEGURBANOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.
Teswirler